“Konstitusiýa we Döwlet baýdagy mizemez mukaddeslikdir”

“Konstitusiýa we Döwlet baýdagy mizemez mukaddeslikdir”

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 37-nji orta mekdebiniň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli “Konstitusiýa we Döwlet baýdagy mizemez mukaddeslikdir” ady bilen edebi-sazly baýaramçylyk dabarasy geçirildi.

Dabarada çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşyl tugumyzyň dünýä ýüzünde barha belentde parlaýandygyny, Türkmenistanyň at-abraýyny, şan-şöhratyny, dünýä derejesinde gazanýan ajaýyp üstünliklerini äleme ýaýýandygyny we ata Watanymyzyň, hormatly Prezidentimiziň durmuşa ornaşdyrýan beýik işleri güneşli Diýarymyzyň abraýyny gün-günden beýgeldýändigini, öz ykbalyny özi çözýän halkyň ygtybarly döwleti bolup döwleti döwlet edýän nyşanlary Baýdagy, Tugrasy, Senasynyň bardygyny, galyberse-de halkyň hak-hukugyny goraýan adyl Kanunynyň bardygyny belläp geçdiler. Şeýle-de Ýurduň Konstitusiýasy döwletiň Esasy kanuny bolup Konstitusiýada döwletiň hukuk ýagdaýynyň kesgitlemesi we ösüşiniň esasy ugurlaryny beýan edýän, şeýle hem raýatlaryň saglyga, zähmete, bilime, saýlamaga we saýlanmaga bolan hukuklary kepillendirilip Konstitusiýa döwletiň hereket edýän kanunçylygynyň esasy güýji binýadygyny uly buýsanç bilen gürrüň berdiler.

Dabaranyň dowamynda mekdebiň okuwçylary ruhubelentligiň, sarsmaz bitewiligiň baýramy bolup, ýurdumyzda toýlanýan, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň baýramçylygyny özleriniň ajaýyp goşgularydyr we joşgunly aýdymlary bilen wasp etdiler.Baýramçylygyň çäklerinde giňden gurnalan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli “Konstitusiýa we Döwlet baýdagy mizemez mukaddeslikdir” ady bilen kitap sergisi we sergi barada giňişleýin täsirli gürrüňler baýramçylaga gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.

Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň eşretli durmuşyny üpjün etmek üçin taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagy arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Malaýziýanyň täze Hökümdary
Belarusda Döwlet baýdagynyň gününi baýram etdiler
Aşgabatda milli senetçiligi ösdürmeklige bagyşlanan maslahat we sergi geçirildi
Gruziýanyň Sinandali sazçylyk festiwaly
Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitabyndan
“Ysmaýyl gurluşyk hyzmatlary” Daşoguzda “KAMAZ” tehniki hyzmat merkezini gurýar