2024-nji ýyly beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy halkara derejesinde bellenip geçilýän ýylynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny maksat edinip, Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Konstitusiýa we Döwlet baýdagy baýramyna bagyşlap Konstitusiýa we Döwlet Baýdagy mizemez mukaddeslik atly sergi gurnaldy.
Esasy Kanunymyz, Döwlet Baýdagymyz şanly geçmişimiziň, şöhratly döwrümiziň, beýik geljegimiziň şamçyragydyr. Agzybirligiň, abraý-mertebäniň synmazlygyny alamatlandyrýan bu milli gymmatlyklarymyz halkyň goşa buýsanjydyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasy ýurdumyzyň ähli ugurdaky ösüşleriniň hukuk binýady bolmak bilen, durnukly ösüşiň, parahatçylygyň we ynsanperwerligiň, abadan we bagtyýar durmuşyň hukuk esasyny düzýär. Ýaşyl Tugumyz biziň milli buýsanjymyz bolup, dünýä ýüzünde pasyrdap durmagy göwünlerimizi galkyndyrýar.
Muzeý gaznasyndan gurnalan sergide milliligimiziň nusgasy bolan, milli mirasa degişli şaý-sepleri, Garaşsyzlyk, Bitaraplyk, Galkynyş binalarynyň şekilleriniň nakgaş eserleri, küýzeler, şeýle hem Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan çykan dür-däne kitaplary serginiň esasy ornunda ýerleşdirlendir.
Serginiň açylyş dabarasyna hormatly il ýaşulysy hem-de Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Gurbannazar Orazgulyýew, Türkmenistanyň Döwlet hukuk we demokratiýa institutynyň Döwleti öwreniş bölüminiň baş ylmy işgäri Aýgözel Nurlyýewa, şeýle-de Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň RÝNÝ-maslahatçysy birinji derejeli ýurist, kapitan Nurbike Amanowa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy Dilber Hekimowa, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Arkadag şäheri boýunça müdirliginiň harby gullukçysy uly leýtenant Rysgal Resulow dagy gatnaşdy.