Aşgabatly saz muşdaklary milli konserwatoriýanyň Uly zalynda däp bolşy ýaly, türkmen we ýewropa kompozitorlarynyň iň gowy eserleriniň ýerine ýetirilijekdigini bilip, olar Halkara saz gününe sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar.
Ozaldan däp bolşy ýaly, konsert milli medeniýetiň aýrylmaz bölegi bolan dutar sazy bilen açyldy. Osman Güjümow “Burnaşak” halk sazyny joşgunly ýerine ýetirdi.
Türkmenistanyň halk artisti Orazgül Annamyradowa konserti Frederik Şopeniň “Skerso № 2” eseri bilen dowam etdi, ol Şopene mahsus saz tilsiminiň depginini, obrazlaryň çalt üýtgeýşini, gapma-garşylygyny we şahyranalygyny nepislik bilen tomaşaça ýetirdi.
Orazgülden soň fortepianonyň başyna geçen halkara bäsleşikleriniň ýeňijisi Aşyr Aşyrow Aram Haçaturýanyň “Tokkata” sazyny çaldy, ol bu kompozitoryň özüne mahsus improwizasiýalylygy we owazlara baý wariatiwligi has ýiti ýüze çykan irki eseridir.
Soňra diňleýjiler üçin bir täzelik boldy: halkara bäsleşiginiň ýeňijisi Aýbölek Muhyýewa skripkada Edward Mirzoýanyň “Gysgaça giriş we yzygiderli hereket” eserini ýerine ýetirdi. Awtor bu saz poemasyny wiolençel we kirişli saz guralalry orkestri üçin ýazan bolsa-da, Aýbölek skripkada onuň baý inçe duýgurlaryny diňleýjilere ýetirmegiň hötdesinden geldi. Bu eseriň partiturasyny oňa geçen ýyl skpirkaçylaryň Ýerewanda geçirilen bäsleşiginiň guramaçylary peşgeş beripdiler.
Antonin Dworžagyň “Kwintet, 1-nji bölüm” eserini Bahar Annadurdyýewa fortepianoda, Bahram Dolyýew skripkada, Ibragim Orazow ikinji skripkada, Tahyr Ataýew altda, Kakageldi Hojalekow wiolençelde ýerine ýetirip, çeh halk sazynyň özboluşlylygyny berip, tomaşaçylaryň alkyşyna mynasyp boldular.
Konsertiň ahyrynda tenor sesli Nurmyrat Nuryýew “Şasenem-Garyp” operasyndan aşyk Garybyň ariýasyny ýürek töründen çykýan owaz bilen aýdyp, diňleýjlere lezzet berdi.
Baýramçylyk saz agşamyna halkara bäsleşiklerinde baýrakly orunlary eýelän Stella Faramazowanyň konsertmeýsterlik edenligini hem aýtmak gerek.
Jadylaýjy owazlar ýüregini ýyladan diňleýjiler sazandalaryň alkyşyny şowhunly el çarpmalar bilen ýetirdiler.