Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Kiçi zalynda Jazz žanryndaky sazlaryň konserti body.Jaz-bend döretmek pikiri üflenip we urulyp çalynýan saz gurallary kafedrasynyň dördünji ýyl talyby Baba Muhammedowyň (saksofon, klarnet) kellesine geldi, ol köpden bäri köňlünden göterip ýören arzuwyny ýoldaşlary Ilgiz Galimowa (saksofon, klarnet) we Kakageldi Gurbanmyradowa (urlup çalynýan saz gurallary) aýtdy.
Oglanlar ony goldadylar we topara dördünji birini fleýtaçy Selbi Annagurbanowany çagyrdylar.Täze topary pianinoçy Natella Bagirowa goldady hem-de saz materiallaryny tapmaga we konsert üçin sazlary taýýarlamaga kömek etdi, olaryň konsertmeýsteri boldy.