Täze, 2021-nji ýylyň öň ýanynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kamera ansambly we konsertmeýster ussaltygy kafedrasynyň talyplary konsert berdiler. Ol Juzeppe Werdiniň Trubadur operasyndan Azuçenanyň aýdymy bilen açyldy. Ony pianinoçy Agabaý Muhammetberdiýewiň sazandarlygynda Tylla Saryýewa özüne mahsus usulda duýgylaryny gaýgyrman ýerine ýetirdi, ol aýdymynda gahrymanynyň hyjuwyny beýan etdi.
Tylla üç eseri ýerine ýetirdi, olar duýgylar stilistikasy babatda bir-birinden düýpli tapawutlanýardy. Pýotr Ilýiç Çaýkowskiniň Ýene, ozalkysy ýaly, ýalşyz men eseri umytsylyga barabar gussadyr hasratly ýaňlandy. Nury Halmämmedowyň Aýnanyň aýdymy şatlyga, umytlara ýugrulandy. Tylla her gezek aýdymy üýtgeşik aýdýardy.
Tylla Saryýewa estrada kafedrasynyň ýaş mugallymy. Ol konserte illýustrator hökmünde çagyryldy. Tylla ilki sazçylyk mekdebini, soňra ýörüte orta hünär mekdebini we 2020-nji ýylda konserwatoriýany tamamlady. Ol Saýathan, Hüýrlukga-Hemra, Ruhubelentler, Aşyk Çaňly, Paýaslar operalarynda çykyş etdi. Ýaňlan, Diýarym! - 2013 bäsleşiginde ýeňiş gazandy, 2016-njy ýylda Ýaşlar baýragyna mynasyp boldy.
Konsertiň ikinji bölüminde skripka we fortepiano üçin sonatalar ýerine ýetirildi.Frans Şubertiň, Lýudwig wan Bethoweniň, Wolfgang Amadeý Mosartyň, Boguslaw Martinunyň sonatalary ýaňlandy.Skripkaçylar we pianinoçylar bu eserleriň inçeden-inçe öwrümlerini bermek, diňleýjilerde Täze ýyl baýramyna mahsus keýpiçaglyk döretmek üçin ylhamyny gaýgyrmadylar.
Bu konsert talyplar üçin ansamblda çykyş etmek ussatlygyny kämilleşdirmekde özboluşly sapak boldy, olar muňa sözüň doly manysynda hötde geldiler.