Kononenko Halkara kosmos stansiýasynyň serkerdeligine bellendi

Kononenko Halkara kosmos stansiýasynyň serkerdeligine bellendi

Russiýanyň asly türkmenistanly kosmonawty Oleg Kononenko Halkara kosmos stansiýasynyň komandiri wezipesine bellendi. Oňa bu wezipäni Daniýadan Ýewropanyň kosmos agentliginiň astronawty Andreas Mogenson geçirdi diýip, Roskosmos döwlet korporasiýasyna salgylanýan Ren.tv habar berdi.

Serkerdeligi geçirmek bilen, Mogenson oňa bekediň simwoliki açaryny gowşurdy. Şondan soňra däbe görä, gäminiň jaňy üç gezek kakyldy.

Oleg Kononenko HKS-e 2024-nji ýylyň sentýabryna çenli ýolbaşçylyk eder diýlip, habarda aýdylýar.

Kononenko Türkmenabat şäherinde doglup, şol ýerde-de önüp-ösdi. Ol Türkmenistanyň Gahrymanydyr.

Kononenko bu döwürde özüniň älemde bolmagynyň dünýä rekordyny täzelär. Ýagny ol 1110 gije-gündiz älemde bolar.

Ýene degişli makalalar

22-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Kononenko üçin äleme ýörite sowgat eltiler
27-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Oleg Kononenko kosmosda iň uzak wagtlap bolmakda dünýä rekordyny goýýar
Oleg Kononenko açyk kosmosda selfi surata düşdi
Kosmonawt Kononenko türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallygyny beýan etdi