Kongonyň gündogarynda çaknyşyklar sebäpli ýanwar aýyndan bäri 7 müň adam öldi

Kongonyň gündogarynda çaknyşyklar sebäpli ýanwar aýyndan bäri 7 müň adam öldi

Kongo Demokratik Respublikasynyň gündogarynda çaknyşyklar sebäpli ýanwar aýyndan bäri 7 müň adam öldi

Premýer-ministr Žudit Suminwa Tuluka Kongo Demokratik Respublikasynyň gündogarynda dowam edýän çaknyşyklarda ýanwar aýyndan bäri 7 müň adamyň ölendigini tassyklady.

Ženewada eden çykyşynda diňe bir Goma şäherinde 3 müňden gowrak adam pidasynyň bolandygyny, şolaryň esasy böleginiň asuda ilatdandygyny beýan etdi.

Tutuka BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň Ruanda tarapyndan goldanýan M23 atly pitneçi toparyň hüjümleri boýunça aladalaryny ýene-de bir gezek beýan etdi we onuň çaknyşyklara hem-de adam hukuklarynyň basgylanmagyna sebäp bolýandygyny aýtdy.

Ýene degişli makalalar

M23 Pitneçileri Esasy Şäheri Alandan soň Kongoda Goşun Boýun Egdi
KDR-da Rubaýa şäheri başbozarlaryň gözegçiligine geçdi
Türkmenistanyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň kasam kabul etmek dabarasyna gatnaşar
EKKAS Gabonyň agzalygyny togtatdy
Kongo Demokratik Respublikasynda 25 esgere ölüm jezasy berildi
Hakan Fidan Ahmed Abu Gaýt bilen duşuşyk geçirdi