Kongo Demokratik Respublikasynyň günorta-günbataryndaky Kwango ülkesinde 140-dan gowrak adam näbelli ýokanjyň pidasy boldy diýip, sebitiň gubernatorynyň orunbasary Remi Sakä salgylanýan Reuters habar berdi.
Ýokanç degenleriň sany artýar, emma keseliň tebigatyny kesgitlemek heniz başardanok diýip, gubernator habar berdi.
Kesel ýokuşanlarda dümewiň alamatlary hasaba alyndy, olaryň gyzgyny ýokary we güýçli kelleagyry biynjalyk edýär diýip, ady tutulan ülkäniň saglygy goraýyş ministri Apolliner Ýumba aýdýar. Kesel ilkinji nobatda zenanlara we çagalara ýokuşýar. Häkimiýetler sebite ýokanjyň nusgalaryny almak üçin lukmanlary ýolladylar.
Afrikada her nobatdaky kesel möwjemesi derman ýetmezçiligi zerarly kynlaşýar. Reuters kesellileriň bejergi ýokdugy sebäpli öz öýlerinde aradan çykýandygyny ýazýar.
Kongo eýýäm bu ýokanç barada Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasyny habarly etdi. BSGG Birleşen Milletler Guramasynyň ýurduň häkimiýetleri bilen keseli öwrenmekde hyzmatdaşlyk edýändigini habar berdi diýip, rbc.ru ýazýar.