Kongo Demokratik Respublikasynda 25 esgere ölüm jezasy berildi

Kongo Demokratik Respublikasynda 25 esgere ölüm jezasy berildi

Ýerli metbugatda berilen habara görä, Kongo Demokratik Respublikasynda harby kazyýetde geçirilen kazyýet diňlenşiginde gozgalaňçylara garşy uruşmagy ret eden 25 esger bilen bagly karar aýan edildi.

Karara laýyklykda ýurduň gündogaryndaky gozgalaňçylar bilen uruşmakdan ýüz öwüren 25 esgere ölüm jezasy berildi.

Burundi döwletindede geçen aý goňşy ýurt Kongo Demokratik Respublikasynda gozgalaňçylara garşy uruşmagy ret eden 270-den gowrak esger azatlykdan mahrum edilipdi.

Ruanda, Uganda we Burundi ýaly ýurtlaryň serhetleriniň kesişýän ýeri bolan Kongo Demokratik Respublikasynyň gündogary altyn, kobalt ýaly onlarça gymmatly maddalaryň gazylyp alynýan sebit hökmünde ünsleri özüne çekýär.

Sebitde 23-nji mart Hereketi başda bolmak bilen köp sanda ýaragly topar iş alyp barýar.

Ýene degişli makalalar

Kongonyň gündogarynda çaknyşyklar sebäpli ýanwar aýyndan bäri 7 müň adam öldi
M23 Pitneçileri Esasy Şäheri Alandan soň Kongoda Goşun Boýun Egdi
KDR-da Rubaýa şäheri başbozarlaryň gözegçiligine geçdi
Türkmenistanyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň kasam kabul etmek dabarasyna gatnaşar
EKKAS Gabonyň agzalygyny togtatdy
Putin 28-nji iýulda Afrika liderleri bilen duşuşar