Konaşenkow Russiýanyň goşunynyň Ukrainadaky hereketleri barada maglumat berdi

Konaşenkow Russiýanyň goşunynyň Ukrainadaky hereketleri barada maglumat berdi

Russiýanyň Goranmak ministrliginiň Metbugat sekretary Igor Konaşenkow, Ukrainanyň Herson sebitinde HIMARS köp nilli raketa ulgamynyň 8 raketasyny howada täsirsiz ýagdaýa getirendiklerini habar berdi.

Ukrainanyň Zaparožýe sebitinde ukrainaly 30 esgeriň öldürilendigini, 14 harby enjamyň ýok edilendigini aýdan Konaşenkow, Nikolaýew sebitinde 28-nji Mehanizrlenen brigadanyň pozisiýalaryna garşy guralan hüjümleriň netijesinde 50-den gowrak esger bilen ýörite harby ulagyň ýok edilendigini öňe sürdi.

Konaşenkow Donetsk sebitinde takmynan 100 ukrainaly esgeriň, 2 taňkyň we 15 awtoulagyň hatardan çykarylandygyny öňe sürüp, soňky 24 sagatda Ukrainanyň goşunyna degişli 8 dolanşyk merkezi bilen 6 ok-däri ammaryň ýok edilendigini mälim etdi.

Mundan başgada 5 uçarmansyz howa ulagynyň od açylyp, ýere gaçyrylandygyny aýdan Igor Konaşenkow, Ukrainanyň Herson sebitinde HIMARS köp nilli raketa ulgamynyň 8 raketasyny howada täsirsiz ýagdaýa getirendiklerini habar berdi.

Konaşenkow: "Ukrainada şu günki güne çenli 267 uçar, 148 dikuçar, 1790 uçarmansyz howa ulagy, 368 howa goranyş raketa ulgamy, 4 müň 372 taňk we sowutly ulag, 814 köp nilli raketa ulgamy, 3 müň 329 gaubisa we minomýot we 5 müň 16 ýörite harby awtoulag ýok edildi" diýip beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Russiýa Ukraiandaky karar kabul ediş merkeziniň ýok edilendigini aýtdy
Konaşenkow Russiýanyň Ukrainadaky hereketleri barada beýannama berdi
Türkmen žurnalistleri Izmiriň gözel ýerleri bilen tanyşlyk syýahatyny tamamlaýarlar
Alekseý Teksler Aşgabatdaky Günorta Uralyň wekiliýetine ýolbaşçylyk etdi
Hýundai i30 heçbegini krossowere çalyşmagy mümkin
Ahal futbol topary ilkinji gezek eFootball oýnuna girizildi