Kompýuter ulanmaklyk we göz sagdynlygy

Kompýuter ulanmaklyk we göz sagdynlygy

Tehnologik täzelikleriň durmuşymyza getiren ýeňilliklerinden biri bolan kompýuter ulanmaklyk, ähli iş pudaklarynda, mekdeplerde we öýlerde giňden ýaýbaňlanandygy üçin käbir göz ýarawsuzlyklaryna sebäp bolýar.

Komýutere ýakyndan seretmek miop (ýakyndan görme ukybynyň azalmagy) üçin howp emele getirýär. Uzak möhletde kompýuter ulanmak sebäpli kompýuter ulanyjylarynyň ýarysyndan gowragy göz ýadawlygy, gözüň guramagy, kelle agyrysy, bulançak görmek, gözleriň awamagy, ýaşarma, goşa görme ýaly näsazlyklary ýüze çykarýandygy, bularyň hem beden we zehin taýdan ýadawlygy ýüze çykarýandygy ylmy taýdan anyklandy.

Kompýuter ulanylýarka göz gyrpmagyň sany adaty şertleriň (minutda 12-18) üçden bir bölegine çenli azalýar. Göz gyrpmagyň sanynyň azalmagy bilen bilelikde kornea gatlagynyň çyglanmagy, kislorodlanmagy we iýmitlenmegi kadasyzlaşýar. Ol hem göz guraklygyna sebäp bolýar.

Kondisionerli otaglar kompýuter bilen işleýän adamlarda göz ýaşynyň bugarma mukdaryny artdyryp, çyglylygy azaldýar we gözüň guramagyna sebäp bolýar. Kompýuter ulanmaklyga bagly göz ýadawlygy we göz guraklygynyň netijesinde ýygydan görülýän ýadaw we awuly gözler, gözleriň awamagy, bulançak görmek, guraklyk duýgusy, gijilewük, gözüň gyzarmagy, ünssizlik, goşa görmek, şöhleden biynjalyk bolmak, kelle, boýun we ýagyrny agyrysy ýaly biynjalyklyklary ýüze çykarýar.

Kompýuter ulanylýarka nämelere üns berilmeli?

Äýnek dakynma zerurlygy ýüze çykan bolsa, giç galynmaly däl. Aýnalaryň üstüne edilýän antirefl gaplamalar ultramämişi tolkunlaryň göze gelişini azaldyp, rahatlandyrýar.

Dik we rahat oturmaly. Satanlar ýere dik, uýluk parallel, ýagyrny we gollar dik, tirsekler ýere parallel bolmaly. Oturgyç ýagyrnynyň dikligi üçin amatly we işleýäne görä düzülmäge ukyply bolmaly.

Ekranyň yşygy işleýän üçin iň amatly şertde bolmaly.

Ekranyň ýokarsy gözüň deňinde bolmaly, ekrandan alyslyk ekrandakylary rahat görmek üçin amatly aralykda bolmaly.

Göz bilen kompýuteriň arasyndaky alyslyk 60 santimetrden ýakyn bolmaly däl.

Gözleriň ýygy-ýygyndan gyrpylmagy ýatdan çykarylmaly däl, göz gyrpmak çyglylygyň kadaly bolmagyny üpjün edýär.Adaty şertlerde gözümizi minutda ortaça 25 gezek gyrpýarys.Göz gyrpmaklyk dowamynda gabagymyz dynç alýar.

Gözüň içi göz ýaşy bilen iýmitlenýär we arassalanýar. Çyglanan göz dury we açyk görýär.Ekran bilen işlenende şol möhlet 10 minutdan hem artýar. Şeýlelikde göz ýaşy bugarýar we göz guraýar.

Soň bolsa göz awuşap, gyzarýar.Gözüň gyrpylmagy, göz bilen bagly ençeme biynjalyklygy ortadan aýyrýar.

Üns bermek we gowy görmek üçin gözleri uludan açyp, seretmek peýdaly bolup bler. Ol bolsa göz bilen bagly biynjalyklygyň simptomlaryny artydyrar. Kompýuter bilen işlenýärkä gözüňizi süzmek peýdaly bolar.

Emele gelen guraklygyň öňüni almak üçin emele göz damjalary bilen çyglandyrmak maslahat berilýär.

Ekranyň, klawiaturanyň, syçanjygyň dakylan ulgamy biri-birine ýakyn aralykda bolmaly.

Ekrany täzeleme tizligi ýokary we tekiz ekran bolmaly. Şöhleleri azaldýan ekran ýa-da ekran goraýyjy ulanmak maslahat berilýär.

20-20-20 düzgünini berjaý etmegi ýatdan çykarmaň. Her minutdan bir 20 sekundyň dowamynda 20 metr alysa seretmek görnişinde berjaý etmek mümkin. Bu usul, göz myşsalarynyň güýçlenmegi üçin peýdalydyr. Şeýlelikde gözleriňizi dynç almagy üçin şert döreýär.

Pursat tapdygyňyz saýyn alyslara seredip, yzgiderli utgaşykly işleýän göz içindäki myşsalara dynç berilmeli.

Iş otagyňyzy howalandyryň.

Ekranyňzyň reňki açyk tonlarda bolsun.

Monitoryňz mümkin gadar uly bolsun.

Ekran goraýyjyňyz ýygy-ýygydan işe girýän özbolyşlykda bolsun.

Aýnalar bilen gözüňiziň saglygyny goraň. Ultra mämişi äýnek we ekran filtleri bilen kompýuteriňizden ýaýraýan şöhläni azaltmak mümkin.

Penjireler bilen ekranyň göwrümi utgaşykly bolmaly, penjireden we beýleki enjamlardan gelýän wizuallar ekrana düşmeli däl.

Uly şriftli we gözi ýadatmaýan personajlar bilen ýazmaklyk, goýy reňkli fonlarda açyk reňkli şriftler bilen işlemek peýdalydyr.

Ekranlar ýygydan tozanlanýandygy üçin belli aralyklarda arassalanmaly.

Ýene degişli makalalar

Ýankompýuterlerini tanyşdyrdy
Elektron enjamlary nähili arassalamaly?
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň...
Sumbar Computer dükanynyň hünärmenleri monitor saýlamak boýunça maslahat berdiler
Xiaomi 12S Ultra smartfony bilen tanyşdyryldy