2021-nji ýylda kompýuter satuwy rekord derejeli boldy. Bu barada IDC agentliginiň hasabatynda aýdylýar diýip, lenta.ru habar berýär.
Iş we güýmenje üçin kompýuterlere hem-de personal gurluşlara bolan ýokary isleg bazaryň rekord derejede ösmegine sebäp boldy. Dokuz ýylda ilkinji gezek global PK üpjünçiligi 348,8 mln birlige ýetdi, bu hem 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende 14,8 göterim köpdür. “Bu 2012-nji ýyldan bäri kompýuter bazarynda iň ýokary üpjünçilik derejesidir” diýip, gözlegçiler belledi.
Hünärmenler kompýuter bazarynyň diňe bir pandemiýadan öňki derejesine gelmän, eýsem ondan ýokary bolandygyny aýtdylar. Hünärmenler 2021-nji ýyly PK bazarynyň ösüşiniň we şeýle görnüşli önüme islegiň ýokarlanan ýyly diýip bellediler. Kompýuterler kärhanalarda-da, sarp edijileriň arasynda-da islegli boldy.
Hasabatyň awtorlary ösüşiň has ýokary bolup biljekdigini, ýöne onuň bölekleriň ýetmezçiligi we üpjünçilik zynjyry bilen bagly meseleler sebäpli çäklendirilendigini bellediler. Bu, esasanam, täjirçilik dewaýslarynyň segmenti üçin kyn boldy.
2021-nji ýylyň dördünji çärýeginde bu segmentiň lideri 23,5% paý bilen Lenovo boldy. Kompýuterler bilen üpjün edijileriň bäşligine HP, Dell, Apple we Asus hem girdi. 2021-nji ýylda iň uly ösüşi 17,9% Dell kompaniýasy görkezdi.