Kompýuter satuwy artdy

Şu ýylyň ikinji çärýeginde kompýuter satuwynyň 3 göterim artandygy mälim edildi. Munda emeli aň tehnologiýasyna bolan gyzyklanmanyň täsiriniň bardygy bellenildi.

International Data Corporation (IDC) maslahat beriş kompaniýasynyň hasabatyna görä, ýylyň ikinji çärýeginde personal kompýuterleriň satuwy 64,9 milliona ýetipdir.Kompýuter satuwy geçen iki ýylda pese gaçandan soňra, şu ýylyň başynda gaýtadan artyp başlapdyr.

Degişli döwürde iň köp ösüşi 20,8 göterim bilen Apple kompaniýasy hasaba alypdyr.Bu ugurda ikinji orundaky Acer-iň satuwy 13,7 göterim ýokarlanypdyr.Lenovo Group hem-de HP Inc kompaniýalarynyň satuwy degişlilikde 3,7 we 1,8 göterim köpelipdir.

Dell Technologies kompaniýasynyň kompýuter satuwy bolsa 2,4 göterim azalypdyr.

Bilermenler soňky alty aýda kompýuter satuwynyň artmagynda emeli aň tehnologiýasynyň täsiriniň uludygyny belleýärler.

Ýene degişli makalalar

Kompýuter satuwy rekord derejede ýokarlandy
Dünýäde şahsy kompýuterleriň satuwy III çärýekde rekord derejede peseldi
Täze çempion
2022-nji ýylyň birinji çärýeginde global PK üpjünçiligi pese gaçdy
Brendleriň 200-den gowragy Russiýa dolanmak isleýärler
Lenovo-nyň çärýeklik girdejisi ilkinji sapar 20 milliard dollardan geçdi