Kompýuter 40 ýaşady

“Tandy Corporation” kompaniýasy “Radio Shack” şereketi bilen bilelikde 1977-nji ýylyň awgust aýynda ilkinji şahsy kompýuterlerden TRS-80-i satuwa çykarypdy.Ilkinji şahsy (personal) kompýuter hasaplanýan bu enjama gyzyklanmanyň boljakdygyna hiç kimiň ynamy ýokdy. Ýolbaşçylar bir aýda 1000 töweregi TRS-80 satmagy maksat edinipdiler.

Sebäbi ol döwür hiç kim öýüne kompýuter almagyň zerurdygyna ynanmaýardy. Şeýle hem bu enjamda işlemek hem çylşyrymly, hem-de edip boljak o diýen köp zat ýokdy.600 dollardan satylan enjama isleg garaşylandan 10 esse ýokary boldy.

Adamlar oňa kompýuter diýilýän enjamyň nähilidigini bilmek we ony ulanyp biljekdigine göz ýetirmek üçin uly isleg bildiripdi.Aslynda TRS-80 satuwa çykarylmazdan iki ýyl ozal “MITS Altair” atly “mikrokompýuter” 1975-nji ýylda müşderilere ýetirilipdi.

Emma TRS-80 dolulygyna taýýar edilen, göni ulanyp bolýan we diňe tehnologiýa höwesjeňlerine däl-de, hemmelere satylan ilkinji kompýuterdi.Bu ýagdaý kompýuteri islendik müşderiniň alyp biljekdigini görkezdi. 1977-nji ýylda “Apple” we IBM kompaniýalary hem özleriniň ilkinji kompýuterlerini öndürip başladylar.

Ýene degişli makalalar

IBM-iň ilkinji mikrokompýuteri
Superkompýuterde Hytaý öňde
06.06.2018 | Türkmenistan-ABŞ: durnukly ösüş maksady bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk
Türkmen-amerikan işewür geňeşine — 10 ýyl
Tehnologiýanyň taryhyndan Ýan kompýuter
Paýhas damjalary