Kompozitor Wýaçeslaw Dobrynin aradan çykdy

Kompozitor Wýaçeslaw Dobrynin aradan çykdy

Russiýanyň halk artisti, meşhur kompozitor we aýdymçy Wýaçeslaw Dobrynin 78 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada onuň aýaly Irina Dobrynina habar berdi diýip, MIR 24 ýazýar.

Habarda kompozitoryň insult (beýnä gan inmegi) keselinden soňra gaýraüzülmeden aradan çykandygy aýdylýar.

Dobrynin aýdymçylar Lew Leşşenko, Mihail Boýarskiý, Irina Allegrowa, Madežda Kadyşewa, şeýle-de birnäçe meşhur aýdym-saz toparlary tarapyndan ýerine ýetirilen meşhur aýdymlary döretdi.

Kompozitor 1946-njy ýylyň 25-nji ýanwarynda doguldy. Ol şahyr Leonid Derbenew bilen bilelikde Hoş gal, Kim saňa aýtdy, Meniň durmuşymda bar zatlaryň ählisi ýaly ýüzlerçe aýdymlaryň awtorydyr.

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Aşgabada geldi
Russiýanyň Döwlet Dumasynyň wekiliýeti resmi sapar bilen Aşgabada geldi
Baharyň on ýedi pursady 50 ýaşady
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Türkmenistan Belarus Respublikasy bilen sport boýunça hyzmatdaşlygy güýçlendirer