Kompozitor Nury Muhadowyň doglan gününiň şanly senesine

Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi, kompozitor, dirižýor, milli konserwatoriýanyň professory we jemgyýetçilik işgäri Nury Muhadow döredijilik işine geçen asyryň 50-nji ýyllarynda başlapdy.Ol diri gezip ýörenliginde şu ýylyň 18-nji ýanwarda 95 ýaşardy...

Zehinli kompozitor “Keýmir kör” operasany, kompozitor Matweý Rawiç bilen bilelikde “Täsin tebip” baletini, “Mollanepes” simfoniki poemasyny, simfoniki, wokal-simfoniki, kamera-instrumental we kamera-wokal eserlerini, ençeme aydymdyr romanslary döredip, türkmen halkynyň aýdym-saz hazynasyna ägirt uly goşant goşdy.

Ol 1924-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Aşgabadyň etegindäki Bagyr obasynda sazandanyň maşgalasynda dünýä inýär (onuň agasy Welimuhammet Muhadow Türkmenistanyň kompozitorçylyk mekdebiniň ägirtleriniň biridir).Olaryň kakasy Muhat aga Täçmämmet Suhangulyýew, Mylly Täçmyradow, Magtymguly Garlyýew, Garly bagşy, Nobat Amansähedow ýaly tanymal bagşy-sazandalar we dessançy lar bilen ýakyn gatnaşykda bolupdyr, olar Muhadowlaryň öýüne häli-şindi geler eken. 1939-njy ýylda mekdebi tamamlan Nury Muhadow Moskwa konserwatoriýasynyň türkmen bölümine wiolençel hünäri boýunça okuwa girýär we professor Aleksandr Pawlowiç Stogorskiden sapak alýar.

Beýik Watançylyk urşy ýyllary Nury Muhadow Stalingrad söweşine, Ukrainany, Wengriýany, Rumyniýany, Çehoslowakiýany we Awstriýany azat etmek ugrunda söweşlere gatnaşýar. 1946-1951-nji ýyllarda Magtymguly adyndaky Akademiki opera we balet eatrynda hormeýster we dirižýor, soňra baş dirižýor bolup işleýär. 1952-1956-njy ýyllarda Türkmen döwlet sazçylyk uçilişşesiniň teoriýa bölüminde okaýar, 1958-nji ýylda bolsa Daşkent döwlet konserwatoriýasyna okuwa girip, kompozisiýa hünäri boýunça professor Boris Isaakowiç Zeýdmandan sapak alýar. Şol ýyllar Nury Muhadow G.

Muhtarowyň librettosyna M.Rawiç bilen bilelikde “Täsin tebip” erteki-baleti, “Zöhre-Tahyr” dessanynyň äheňinde “Mollanepes” simfoniki poemasy ýaly zehinli eserleriň birnäçesini döretdi, soňra şol poemanyň sazyna simfoniki sýuitalaryň ikisini ýazdy, olar 1966-njy ýylda Moskwanyň Музыка neşirýatynda çap edildi. Şol eserlerde kompozitor “Dag arman”, “Küştdepdi”, “Leýli gelin”, “Aglaryn”, “Baýkaka”, “Balsaýat” we beýleki ençeme halk sazlaryny şowly özleşdirdi.

Kompozitoryň diplom işi hökmünde döreden dört bölümli Simfoniýasyny (1965-nji ýyl) awtoryň dirižýorlyk etmeginde Özbegistanyň döwlet filarmoniýasynyň simfoniki orkestri ýerine ýetiripdi.Nury Muhadow konserwatoriýany kompozisiýa (professor B.I.

Zeýdmandan sapak alyp) we dirižýorlyk (professor M.Aşrafiden sapak alyp) hünärleri boýunça üstünlikli tamamlady. 1977-nji ýylda kompozitor “Keými kör” operasyny döredýär, onuň librettosyny B.Amanow bilen A.

Haýydow ýazypdylar.Opera halk sazlaryny ulanmak tilsimleriniň täzeçilligi we kompozitorlyk tilsimleiniň ýokary ussatlygy bilen tapawutlanar. Şu eseri üçin Nury Muhadow 1980-nji ýylda Magtymguly adyndaky Döwlet baýragyna mynasyp bolýar.

Kompozitoryň iri eserlerinden “Sekizinji hazyna” (libretossyny O.Akmämmedow bilen G.Latfulli ýazdy, 1984-nji ýyl) sazly komediýasyny, Beýik Watançylyk urşy temasyndan “Hüjüm” Uwertýurasyny (1985-nji ýyl), “Ýusup-Züleýha” dessanynyň äheňinde “Andalyp” simfoniki poemasyny (1991-nji ýyl) bellemek gerek.

Onuň aýdymlary we romanslary “Täjigistanyň we Türkmenistanyň aýdymlary” (Музыка neşirýaty, 1962), “Aýdym yzyna aýdym” (Советский композитор neşirýaty, 1970), “Türkmenistanyň aýdymlary” (Музычна Украина neşirýaty, 1972) ýygyndylaryna giripdi.Nury Muhadow döredijiliginde ýaş nesle uly üns beripdi.

Kompozitoryň çagalar we ýetginjekler üçin döreden eserleriniň arasynda “Fortepiano üçin ýeňil on pýesasy”, “Skripka üçin on bir pýesasy”, “Fortepiano üçin wariasiýalary”, “Wiolençel we fortepiano üçin pýesalary” we Türkmenistanyň çagalar sazçylyk mekdepleriniň repertuaryny baýlaşdyran aýdymlar bar.

Nury Muhadow ömrüniň ahyryna çenli Magtymguly adyndaky Akademiki opera we balet teatrynyň baş diržýory bolup işläpdi.Onuň ýolbaşçylygynda Çaýkowskiniň “Guw köli”, Rahmaninowyň “Aleko”, Adanyň “Žizel” Werdiniň “Trawiata”, Prokofýewiň “Romeo we Julýetta”, Haçaturýanyň “Spartak”.

A. Şapoşnikow bilen D. Öwezowyň “Şasenem-Garyp”, A. Şapoşnikow bilen W.Muhadowyň “Kemine we kazy”, Ýu.Meýtus bilen D. Öwezowyň “Leýli-Mejnun”, K.Korçmarewiň “Aldar köse”, A.

Agajykowy’ “Pöwrüze” ýaly başga-da ençeme ajaýyp dünýä we milli nusgawy eserleri sahnada goýuldy. Şeýle hem Nury Muhadow mugallymçylyk we jemgyýetçilik işlerini-de alyp barýardy, Türkmen milli konserwatoriýasynda simfoniki dirižýory hünärinden sapak berýärdi, SSSR-iň we Türkmenistanyň Kompozitorlar birleşiginiň, Magtymguly adyndaky Akademiki opera we balet teatrynyň we Türkmenistanyň Telewideniýe we radiogepleşikler baradaky Döwlet komitetiniň çeperçilik geňeşiniň, “Bilim” jemgyýetiniň we Türkmenistanyň teatr işgärleri jemgyýetiniň agzasydy.

Zehinli kompozitor, ajaýyp dirižýor we halypa mugallym 1999-njy ýylyň 31-nji dekabrynda aradan çykdy.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMEN KOMPOZITORLARYNYŇ ESERLERINDE BEÝIK WATANÇYLYK URŞUNYŇ BEÝANY
Beýik akyldara bagyşlanan nusgalyk eserler
Aşgabatda Juzeppe Werdiniň 210 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçiriler
Hudaýnazar kümmeti barada eşidipmidiňiz?!
Türkmenistanda AFK-nyň PRO derejeli tälimçilik okuwlaryna badalga berildi
Türkmenistanda ilkinji gezek PRO derejeli tälimçilik okuwlary geçiriler