Kompozitor Mämmet Guseýnow türkmen halkyna Nury Halmämmedowyň doglan güni mynasybetli gutlag iberdi

Kompozitor Mämmet Guseýnow türkmen halkyna Nury Halmämmedowyň doglan güni mynasybetli gutlag iberdi

Mämmet Guseýnow türkmen halkyny Nury Halmämedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli gutlady.

Kompozitor, pianinoçy, jemgyýetçilik işgäri, Ýewraziýa Kompozitorlar Bileleşiginiň Türkmen sebit bölüminiň ýolbaşçysy, Russiýanyň kompozitorlar bileleşiginiň hem-de Rus saz birleşiginiň kompozitorlar gildiýasynyň agzasy, Nury Halmämedow adyndaky Dutaryň owazy Moskwa halkara aýdym-saz festiwalynyň taslama ideýasynyň awtory, festiwalyň sungat ýolbaşçysy Mämmet Guseýnow Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli beren gutlagynda: Gadyrly dostlar!

Nury Halmämedow adyndaky Dutaryň owazy Moskwa halkara aýdym-saz festiwalynyň guramaçylyk toparynyň adyndan Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli geçiriljek Mukama siňen ömür atly festiwalyny gurnaýjylary we gatnaşyjylary, bütin türkmen halkyny mähirli gutlaýarys.

Mälim bolşy ýaly, häzirki günlerde meşhur türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli Mukama siňen ömür atly festiwaly geçirmäge uly taýýarlyk görülýär.

Täze taryhy eýýamda ata-babalarymyzdan miras galan milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ussat medeniýet, sungat, döredijilik işgärleriniň sarpasy belentde tutulýar. Meşhur türkmen kompozitorynyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň 27-28-nji oktýabry günlerinde Türkmenistanyň welaýatlarynda hem-de Aşgabat we Arkadag şäherlerinde Mukama siňen ömür atly festiwalyň guralmagy hem munuň aýdyň mysalydyr.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän bu çäräniň türkmen medeniýeti üçin uly ähmiýeti bardyr. Bu çäre diňe bir kompozitoryň zehinine we döredijiligine berlen ýokary baha bolman, Türkmenistanyň ruhy mirasyndaky bahasyna ýetip bolmajak saz sungatyna goýlan belent sarpanyň hem nyşanydyr.

Bu çärä gatnaşyjylaryň hemmesini türkmen halkynyň saz sungatynyň ägirdi Nury Halmämedowyň ýubileý baýramy bilen gyzgyn gutlaýarys diýip, belläp geçýär.

Belläp geçsek, şu ýylyň 27-28-nji oktýabrynda Türkmenistanyň welaýatlarynda, Aşgabat hem-de Arkadag şäherlerinde Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli Mukama siňen ömür atly festiwal geçiriler. Biz saýtymyzda festiwalyň çäginde geçiriljek dabaralar barada habar beripdik.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda iň edermen alabaý saýlanyldy, Moskwadan Türkmenbaşa howa gatnawlarynyň täzelenen tertibi köpçülige ýetirildi, Aşgabatda Saz, ruh, kino! atly konsert geçiriler
Dutaryň owazy aýdym-saz festiwalynyň taslama ideýasynyň awtory Nury Halmämmedowyň doglan güni mynasybetli gutlag iberdi
MOSKWADA PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY ŞYGARY MYNASYBETLI KONSERT GEÇIRILER
18-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
KAMAZ Türkmenistana iki sany elektrobus ýerledi, Mişustin Aşgabatdaky Puşkin adyndaky mekdebe baryp gördi, Türkmenistanda Eýranyň Medeniýet günleri geçiriler we beýleki habarlar
Tatarstanyň Prezidenti Türkmenistana iş sapary bilen geldi, Türkmenhowaýollary 2023-nji ýylyň mart aýy üçin petek satuwyny ýola goýdy, Magtymgulynyň goşgulary ilkinji gezek italýan dilinde çap ediler we beýleki habarlar