Kolumbiýanyň Prezidenti Gustawo Petro, Ysraýylyň Gaza Sektoryna garşy guraýan hüjümlerinde 32 müňden gowrak adamyň ýogalandygyny nygtap, sebitde başdan geçirilýän wakalary atom bombasy atylan Ýaponiýanyň Hiroşima şäherine meňzetdi.
Prezident Petro, “ABŞ-nyň 1945-nji ýylyň awgust aýynda Hiroşima atan atom bombasy sebäpli 77 müňden gowrak adam ýogalypdy. Şu günki günde Ýaponiýadan has kiçi ýurtda Palestinada, ýagny Hiroşimadan has kiçi şäherde Gazadaky bombaly hüjümlerde 32 müňden gowrak adam ýogaldy”diýdi.
Gazadaky ýykylşyga ünsi çeken Petro, “Dünýäniň güýçli ýurtlary, bütin adamzada öz düşünjelerini kabul etdirmek üçin harby güýçlerinden biperwaýlyk bilen peýdalanýar” diýip belledi.
Ysraýylyň 7-nji oktýabrdan bäri Gaza Sektorynda guraýan hüjümlerinde esasy bölegi çagalardan ybarat 32 müň palestinaly ýogaldy.