Kolumbiýada eýýäm 7 gün bäri dowam edýän salgyt reformasyna garşy protestlerde ýogalanlaryň sany 5 adam köpelip, jemi 24 adama ýetdi, ýaralananlaryň sany bolsa 900 adamdan geçdi.
Protestleriň merkezi ýagdaýyndaky ýurdyň paýtagty Bogota şäheriniň taryhy Boliwar meýdançasyna ýöriş eden demonstrantlar, ellerindäki ýazygyly şygarlar bilen hökümediň ykdysady syýasatyna ýene-de bir gezek nägilelik bildirdiler.
Demonstrantlaryň käbirleriniň Milli kongres binasyna daş zyňmagyndan soň polisiýa işgärleri, demonstrantlara garşy gözüňi ýaşardýan gaz we ýokary basynçly suw ulandy.
Ýurdyň beýleki şäherlerinde hem demonstrantlar protest geçirmek üçin köçelere çykdylar.
Amerikanyň Adam hukuklary komissiýasy wakalar bilen baglanşykly beýanat çap edip, polisiýa işgärleriniň demontrantlara garşy aşa güýç ulanmagyny ýazgardy.
Kolumbiýanyň Obmudsmen ofisi protestleriň başlan gününden bäri ýurt derejesinde 89 adamyň dereksiz ýitendigi barada maglumat alandyklaryny mälim etdi.
Ýurdyň döwlet baştutany Iwan Duke beren beýanatynda, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri bilen dialoga taýardyklaryny belledi.