Kolumbiýadaky protestlerde ýogalýan adamlaryň sany artmaga dowam edýär

Kolumbiýadaky protestlerde ýogalýan adamlaryň sany artmaga dowam edýär

Kolumbiýada 28-nji aprelden bäri dowam edýän hökümete garşy köpçülikleýin protestlerde 1-i polisiýa işgäri jemi 42 adam ýogaldy.

Kolumbiýanyň Ombudsmen ofisiniň ýurtda eýýäm 14 gün bäri dowam edýän protestler bilen baglanşyklary maglumatlary gözden geçirip, ýene-de 15 adamyň ýogalandygyny tassyklady we ýogalanlaryň sanynyň 42 adama ýetendigini mälim etdi.

Ýiten adamlaryň sanyny düýn 548 adam hökmünde aýdan ofis, ýurdyň paýtagty Bogota şäheri başda bolmak bilen Medellin we Kali ýaly şäherleriniň "Milli iş taşlaýyş" protestleriniň geçirilýän günlerinde dereksiz ýiten adamlaryň sany boýunça sanawyň başynda durýandygyny habar berdi.

Ýurtda protestleriň merkezine öwrülen Kolumbiýanyň iň uly 3-nji şäheri bolan Kali şäherinde, birnäçe gün ozal ýaragly adamlaryň ýerli ulag kerwenine hüjüm guramagyndan soň ýurdyň Döwlet baştutany Iwan Duke ýerli resmiler bilen maslahat geçirdi.

Ýudyň Döwlet baştutany Iwan Dukeniň 2-nji maýda protestlerde ýogalýan we ýaralananýan adamlaryň sanynyň artmagy sebäpli salgyt reformasy bilen bagly kanun taslamasyny yzyna alandyklaryny yglan etmegine garamazdan köçelerdäki aksiýalar barha artyp dowam edýär.

Ýene degişli makalalar

Kolumbiýalylary suw tygşytlamak üçin az ýuwunmaga çagyrdylar
Haýwanlary goraýjylar öküz uruşlaryny ýatyrmagy talap edýärler
Kolumbiýanyň prezidenti Ysraýyl bilen diplomatik gatnaşyklaryny kesjekdigini aýtdy
Kolumbiýanyň ýygyndysy 23 ýyldan soň finala çykdy
Kolumbiýada bombaly hüjüm guraldy
Tramp respublikaçylardan Prezident wezipesine dalaşgärlik etmäge resmi razylyk berdi
Kolumbiýanyň Prezidenti öküz uruşlaryny gadagan etmek barada kanuna gol çekdi