Kolumbiýada ýeriň süýşmegi netijesinde ýogalan adamlaryň sany artdy

Kolumbiýada ýeriň süýşmegi netijesinde ýogalan adamlaryň sany artdy

Risaralda dolanşyk sebitine degişli Kali-Kondoto ýolunda ýer süýşmesi hadysasy başdan geçirildi.

Ýolagçy awtobusy bilen köp sanda ulagyň ýeriň aşagynda galan wakada, 27 adam ýogaldy, 5 adam ýaralandy.

Ýeriň aşagynda galan adamlaryň tapylmagy we çykarylmagy üçin gözleg we halas ediş toparlarynyň işleri dowam edýär.

Pereira şäheriniň Ýangyn söndüriji gullugynyň ýolbaşçysy Alehandro Arango, ýeriň aşagynda näçe adamyň galandygyny bilmeýändiklerini, gözleg we halas ediş işlerinde agyr tehnikalaryň ulanylmazdan ozal, soňky gezek itler bilen gözleg işlerini geçirýändiklerini habar berdi.

Sebite köp sanda raýat goranyş, ýangyn söndüriji, polisiýa we tiz kömek toparlarynyň ugradylandygy aýan edildi.

Ýurduň Prezidenti Gustawo Petro sosial media hasabyndan beren beýanatynda, ýogalan adamlaryň dogan-garyndaşlaryna gynanç bildirip: "Risaraldadaky tragediýada häzirki wagta çenli 3-si çaga jemi 27 adam ýogaldy. Hökümetimiz ýogalan adamlaryň maşgalalary üçin öz üstüne düşýän jogapkärçiligi ýerine ýetirer" diýip habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Günorta Amerika döwletleriniň liderleri Türkiyä gynanç bildirdiler
“Kolumbiýa Parahatçylyga Goldaw Bermek Üçin Ukraina Ýarag Kömegini Bermez”
Kolumbiýanyň Prezidenti Gazany Hiroşima Meňzetdi
Kolumbiýada harby dikuçar ýere gaçdy
Kolumbiýanyň prezidenti Ysraýyl bilen diplomatik gatnaşyklaryny kesjekdigini aýtdy
Kolumbiýada bombaly hüjüm guraldy