Kolumbiýada Prezident saýlawlary

28-nji maýda Kolumbiýada geçirilen Prezident saýlawlarynda dalaşgärleriň hiç birisine birinji tapgyrda ýeňiş gazanmak üçin sesleriň ýeterlik mukdaryny almak başartmady. Şol sebäpli 17-nji iýunda saýlawlaryň ikinji tapgyry geçiriler.Sagçy dalaşgär Iwan Duke geçirilen saýlawlarda sesleriň 39 göterimine eýe bolup, çepçi Gustawo Petro 25 göterim, Serhio Fahardo bolsa, 23,8 göterim ses almagy başardy. Ýurduň häzirki Prezidenti Huan Manuel Santos saýlawlaryň juda parahat ýagdaýda geçirilendigini habar berdi.Duke “Demokratik merkez” partiýasynyň adyndan saýlawlara gatnaşýar.

Petro bolsa, “Ynsanperwer Kolumbiýa” hem-de Indeý we sosial alternatiw hereketi bileleşigi tarapyndan öz dalaşgärligini hödürleýär.Ol 2012-2015-nji ýyllar aralygynda Bogotanyň häkimi, ondan öň bolsa, kongresiň agzasy boldy.

Serhio Fahardo “Kolumbiýa” bileleşigi tarapyndan çykyş edip, oňa başga-da “Ýaşyl bileleşik”, “Alternatiwli demokratik polýus” partiýalary hem-de “Raýat ylalaşygy” ýaly syýasy hereketler degişlidir.Kolumb kanunlaryna laýyklykda, dalaşgäriň ýeňiş gazanmagy üçin sesleriň ýaryndan gowragyna eýe bolmagy zerur hasaplanýar. Ýokary döwlet wezipesine Dukeden, Petrodan we Fahardodan başga ýene-de üç dalaşgär ozalky wise-prezident Herman Wargas Leras, Liberal partiýanyň dalaşgäri Umberto de la Kalýe we “Biziň ählimiz kolumbiýaly” atly syýasy hereketiniň dalaşgäri Horhe Antonio Truhilo dagylar bäsdeşlik edýär.

Prezident saýlawlarynda ikinji orny eýelän dalaşgäriň senatyň düzümine girmäge hukugy bolup, onuň bilen birlikde wise-prezidentlik wezipesine dalaşgär bolsa, wekiller palatasynyň deputaty bolar.

Ýene degişli makalalar

Kolumbiýada bombaly hüjüm guraldy
Kopa Amerikada argentinaly tälimçileriň ussatlygy
Kolumbiýanyň Prezidenti öküz uruşlaryny gadagan etmek barada kanuna gol çekdi
Kolumbiýada harby dikuçar ýere gaçdy
Dünýä täzelikleri gysga setirlerde
Kolumbiýanyň prezidenti Ysraýyl bilen diplomatik gatnaşyklaryny kesjekdigini aýtdy
Petro Deňizçileri Ysraýyla Kömür Ganatmagy Bes Etmäge Çagyrdy