Kolumbiýada hökümede garşy geçirilýän protestler dowam edýär

Kolumbiýada hökümede garşy geçirilýän protestler dowam edýär

Milli iş taşlaýyş komitediniň çagyryşyna laýyklykda bir ýere jemlenen kärdeşler arkalaşyklarynyň wekilleri, talyplar we tapawutly gatlaklardan adamlar, ýurdyň Döwlet baştutany Iwan Dukeniň ýolbaşçylygyndaky hökümediň durmuşa geçirýän syýasatyny protest etdiler.

Ýurdyň paýtagty Bogota şäherinde we ýurdyň 2-nji uly şäheri bolan Medellin şäherinde ýoly ýapan demonstrantlar, köçeden ýöräp aýdym-sazlar ýerine ýetirip we aýdymlar aýdyp parahatçylykly demonstrasiýalar geçirdiler.

Protestleriň başlan gününden bäri hadysalaryň başdan geçirilýän Walle del Kaukanyň Tulua şäherinde bolsa protestçiler bilen polisiýa işgärleriniň arasynda dartgynly pursatlar başdan geçirildi.

Demonstrasiýalaryň geçirilýän mahaly käbir protestçileriň şäheriň Adalat binasyny ýakmagy bilen bina uly zyýan ýetdi.

Polisiýa işgärleri gaz bombasy we dürre ulanyp, olara garşy çäre gördi, sebitde gözegçiligi ýola goýdy.

Ýene degişli makalalar

Kolumbiýanyň prezidenti Ysraýyl bilen diplomatik gatnaşyklaryny kesjekdigini aýtdy
Haýwanlary goraýjylar öküz uruşlaryny ýatyrmagy talap edýärler
Kolumbiýalylary suw tygşytlamak üçin az ýuwunmaga çagyrdylar
Beýik döwlet bizi saýasyna aldy. Gazagystandan pena alyp bilmedik garagalpaklar ABŞ bardylar
Londonda Ysraýyla Garşy Protest Geçirildi
Fransiýada polisiýa işgäriniň bir ýetginjegi öldürmeginden soň başlan protestler dowam edýär
Fransiýadaky protestler dowam edýär