Kolumbiýada hökümede garşy geçirilen protestlerde ýogalanlaryň sany 48 adama ýetdi

Kolumbiýada hökümede garşy geçirilen protestlerde ýogalanlaryň sany 48 adama ýetdi

Kolumbiýanyň Ombudsmen ofisiniň 33 gününi tamamlan protestler bilen baglanşykly çap eden habarnamasynda, protestlerde ýogalan 48 adamyň 20-siniň ýogalmagy, protestler bilen gönüden-göni arabaglanşyklydygy mälim edildi.

Ýurtda garaşsyz raýat jemgyýetçilik guramalarynyň berýän habaryna görä bolsa, milli iş taşlaýyş bilen başlaýan salgyt reformasyna garşy protestlerde ýogalanlaryň sanynyň has hem köpdügi öňe sürüldi.

Beýleki tarapdan protestleriň azalmak bilen birlikde häzirki wagtda hem dowam edýän Kolumbiýada, ýurdyň paýtagty Bogota şäherinde talyplar parahatçylykly protestler geçirdiler.

Protestleriň 1-nji aýynyň tamamlanmagy sebäpli 28-nji maýda ýurt derejesinde köçelere çykan müňlerçe adamyň gatnaşmagyndaky hökümede garşy protestlerde Kali şäherindäki wakalarda 13 adam ýogalypdy, Bogota şäherinde 185 adam we Medellin şäherinde bolsa 16 adam ýaralanypdy.

Ýurdyň Döwlet baştutany Iwan Dukeniň 28-nji maýda Kali şäherinde ýerli resmiler bilen geçiren duşuşygyndan soň harbylar, şäheriň uly köçelerinde we meýdançalarynda çäreler görüpdi.

Ýene degişli makalalar

Kolumbiýalylary suw tygşytlamak üçin az ýuwunmaga çagyrdylar
Haýwanlary goraýjylar öküz uruşlaryny ýatyrmagy talap edýärler
Kolumbiýanyň prezidenti Ysraýyl bilen diplomatik gatnaşyklaryny kesjekdigini aýtdy
Kolumbiýada bombaly hüjüm guraldy
Kolumbiýanyň ýygyndysy 23 ýyldan soň finala çykdy
Ýylyň iň gowy ykdysadyýetleri
Kanadanyň iň uzyn derýasynyň suwy yssy howa we guraklyk sebäpli rekord derejede çekildi