Kauka dolanşyk sebitine degişli Morales şäherçesindäki myhmanhanalaryň biriniň golaýynda elde ýasalan partlaýjy bomba bilen hüjüm guraldy.
Hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä 2-si polisiýa işgäri jemi 6 adam ýaralandy, sebite köp sanda howpsuzlyk güýçleri gönükdirildi.
Şaýatlaryň habar bermegine görä hüjüm motosiklli adamlar tarapyndan guraldy.
Partlamadan gysga wagt soň polisiýa merkezinede ot açyldy.
Kolumbiýanyň prezidenti Gustawo Petro hüjümiň kabul edilmesizdigini belläp, goşuna operasiýa geçirmek barada görkezme berdi.
Kolumbiýanyň metbugatynda berilen habarlara görä hüjümiň jogapkäriniň FARC guramasynyň ozalky agzalaryndan ybarat bolan EMC toparydygy beýan edildi.
Kolumbiýanyň prezidenti Gustawo Petro 22-nji martda ýaraşyk bilen bagly gepleşikleri goý bolsun eden FARC-yň ozalky lideri Iwan Mordiskonyň tussag edilmegi üçin görkezme beripdi.