Kolumbiýada bolan çaknyşykda 18 adam ýogaldy

Kolumbiýada bolan çaknyşykda 18 adam ýogaldy

Kolumbiýada Kolumbiýanyň ynkylap ýaragly güýçleriniň (FARC) ýaragyny taşlamadyk käbir agzalary bilen "Serhet Komandos güýçleri" atly ýaragly toparyň arasynda bolan ýaragly çaknyşykda 18 adam ýogaldy.

Putumaýo dolanşyk merkezine degişli Puerto Guzman şäherçesiniň Los Pinos we Las Delisias obalarynda ýaragly çaknyşyklar boldy.

Iki ýaragly toparyň arasynda bolan çaknyşyklarda jemi 18 adam ýogaldy.

Puerto Guzman şäherçesiniň häkimi Edison Herardo Mora Rohas beren beýanatynda FARC bilen Serhet komandos güýçleriniň arasynda bolan ýargly çaknyşykda 18 adamyň ýogalandygyny tassyklady.

Rohas jesetleriň kazyýet-lukmançylyk merkezine alynyp gidilendigini, taraplardan näçe adamyň ýogalandygyny entek bilmeýändiklerini beýan etdi.

FARC, 50 ýyldan gowrak çaknyşyk geçmişinden soň 2017-nji ýylyň 27-nji iýunynda elindäki soňky ýaragyny BMG-na dabara bilen gowşurypdy.

Ýene degişli makalalar

Kolumbiýada bombaly hüjüm guraldy
Şu gün ABŞ-da 60-njy Prezident saýlawlary geçirilýär
18-nji oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Argentina ýeňip bilmedi, Braziliýa soňky minutlarda ýeňiş gazandy
Green Card DV-2026 lotereýasyna gatnaşmaga goýberilmejek ýurtlaryň sanawy mälim edildi
Älemgoşar reňkli guş
Syýahatçylyk öňki derejesine gaýdyp geldi