Italiýanyň Rim şäherinde ýerleşýän Kolizeý arheologik seýilgähinde 2024-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Göbeklitepe: Mukaddes Topragyñ Syry atly sergisi açyldy. Sergi Türkiýäniň günorta-gündogaryndaky Şanlyurfa şäherinde ýerleşýän dünýäniñ ıñ gadymy we jadylaýjy arheologik ýadygärlikleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Sergi 2024-nji ýylyň 25-nji oktýabry - 2025-nji ýylyň 2-nji marty aralygynda öz işini dowam etdirer.
2024-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Kolizeýde geçirilen serginiñ açylyş dabarasyna görnükli wekiller gatnaşdy. Açylyş dabarasynda çykyş eden Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministriniň orunbasary Gökhan Ýazgy we Arheologiki seýilgähiniň müdiri Alfonsina Russo, halkara medeni hyzmatdaşlygyň ähmiýeti barada aýdyp geçdiler.
11 müñ ýyldan gowrak mundan ozal, ýagny neolit (giçki ýa-da täze daş asyry) döwri bilen senelenilýän Göbeklidepe, adamzadyň guran iň gadymy ýadygärlik gurluşy hasaplanýar.Göbeklidepe - ýygnaýjylyk we awçylyk taýpadan oturymly ekerançylyga geçişe, adamzat taryhyna bolan garaýşymyza öz şuglasyny saçdy.
Onuň syrly nyşanlary, şeýle hem haýwan şekilleri bilen oýulan "T şekilli" sütünleri, irki adamzat siwilizasiýalaryñ we däp-dessurlaryñ çylşyrymlylygyna şaýatlyk edýär.