Kofe we palma ýagy ministrleri bellendi

Okeaniýadaky Papua-Täze Gwineýanyň täze hökümeti täze ministrlikleri döretdi.Hökümet başlygy Jeýms Marape ýurtda ilkinji gezek kofe we palma ýagy boýunça ministrleri wezipesine belledi. Ählumumy parlament saýlawlaryndan soňra düzülen täze hökümetiň düzümine 32 ministrlik girýär.

Jo Kuli kofe, Fransis Maneke bolsa palma ýagy ministri wezipesine bellenildi.Täze ministrlikler bu iki önüminiň ýurduň eksportunda möhüm orny eýeleýändigini nazarda tutulyp döredildi.Marape hökümetiň oba hojalyk pudagyny ösdürmegi maksat edinýändigini aýtdy. Ýurduň oba hojalygynyň 85 göterimini kofe emele getirýär.

Täze döredilen pudak edaralary bu önümleriň önümçilikleriniň giňeldilmegi we ösdürilmegi üçin degişli işleri ýerine ýetirerler.

Ýurtda 2-22-nji iýuly aralygynda parlament saýlawlary geçirilipdi. 9 milliondan gowrak ilaty bolan ýurtda 2 milliona golaý adam kofe önümçiligi bilen meşgullanýar. Kofe we palma ýagy iň köp öndürilýän we eksport edilýän oba hojalyk önümi hasaplanýar. Ýurduň oba hojalyk eksportunyň 27 göterimi we jemi içerki önümiň 6 göterimi kofeniň paýyna düşýär.

Ýene degişli makalalar

Alymlar kofe içmegiň ömri näçe uzaldýandygyny takyk kesgitlediler
Garaşylandan ýokary girdeji gazandy
Bagyr ýaglanmasynyň tebigy taýdan öňüni alyş usullary
Britan kofehanasynyň müşderileri gödeklik üçin iki esse töleýärler
Dünýäniň iň demirgazyk adasy aýsberg bolup çykdy
Her bulgurda tehnologiýa: Braziliýa kofe önümçiligini döwrebaplaşdyrýar