Kofe gözüň görüjiligi üçin zyýanlymy?

Kofe gözüň görüjiligi üçin zyýanlymy?

Kofeiniň köp mukdarda sarp edilmegi genetiki taýdan gözünde gan basyşy ýokary bolan adamlarda göze suw inme keseliniň döremek howpuny üç esse ýokarlandyrýar. Maunt-Sinaý lukmançylyk merkeziniň ýanyndaky Ikan lukmançylyk mekdebiniň alymlary kofeniň gözüň görüjiligi üçin zyýanlydygyny ýüze çykardylar. Ophthalmology žurnalynda çap edilen barlaglaryň netijeleri barada MedicalXpress-iň pres-relizinde aýdylýar.

Hünärmenler 120 müňden gowrak gatnaşyjynyň 2006 — 2010-njy ýyllar aralygyndaky ýygnanan ýazgylaryny seljerdiler.DNK-larynyň nusgalary görkezilen meýletinçileriň ýaşy 39 — 73 ýaş aralygynda bolup, olar her günde kofeinli içgileriň näçe mukdaryny içýändikleri, düzüminde kofein saklaýan iýmitleriň haýsy görnüşini we olary näçe möçberde ulanýandyklary barada berhiz anketalaryny doldurdylar.

Gözegçiler olaryň maşgalalaryndan alnan göze suw inme keseli baradaky maglumatlary hem göz öňünde tutdular. Üç ýyldan soňra gatnaşyjylaryň göz içindäki gan basyşyny ölçediler we gözlerini barlagdan geçirdiler.Umuman, gözüň gan basyşynyň ýa-da oňa suw inmeginiň howpunyň has ýokarlanmagy kofeiniň köp ulanylmagy bilen baglanyşykly däl eken.

Muňa garamazdan, genetiki taýdan göze suw inme keseliniň alamatlary örän ýokary bolan meýletinçileriň dörtden birinde olaryň gözüniň gan basyşynyň ýa-da oňa suw inmeginiň howpunyň has ýokarlanmagynyň kofe içgisine we düzüminde kofein saklaýan önümlere bolan söýgi bilen baglydygy ýüze çykaryldy.

Hususan-da, kofeniň günde 480 milligramdan artyk (4 käse) içilmegi gözüň gan basyş derejesiniň 0,35 millimetr simap sütünine deň bolmagyny şertlendirýär.Genetiki taýdan kesellemek mümkinçiligi ýokary bolan adamlaryň günde üç käse kofe içmegi bu içgini örän az mukdarda içen ýa-da asla içmedik adamlar bilen deňeşdirilende, olarda göze suw inmek howpuny 3,9 esse ýokarlandyrdy.

Ýene degişli makalalar

Balkan welaýat köpugurly hassahanasy durky täzelenip ulanylmaga berildi
Alymlar kofe içmegiň ömri näçe uzaldýandygyny takyk kesgitlediler
Bagyr ýaglanmasynyň tebigy taýdan öňüni alyş usullary
Britan kofehanasynyň müşderileri gödeklik üçin iki esse töleýärler
Dünýäniň iň demirgazyk adasy aýsberg bolup çykdy
Kofe we palma ýagy ministrleri bellendi