Köýtendaglylar oba mekdepleriniň köpüsiniň täzeden gurulmagyna, okuwyň hiliniň gowulandyrylmagyna garaşýar

Köýtendaglylar oba mekdepleriniň köpüsiniň täzeden gurulmagyna, okuwyň hiliniň gowulandyrylmagyna garaşýar

Türkmenistandan oba, etrap ýerlerindäki mekdep jaýlarynyň egbar ýagdaýy, şol bir wagtda okuwyň, çagalara sapak berlişiniň hili barada aladaly maglumatlar gelip gowuşýar. Ýöne bu ýagdaý baradadöwlet eýeçiligindäki metbugatda hiç bir zat aýdylmaýar, oňa derek, milli bilim ulgamynyň hilini we mazmunyny dünýä ölçeglerine deňleşdirmek üçin “giň möçberli özgertmeleriň amala aşyrylýandygy” habar berilýär.

Azatlygyň habarçysy bu ýagdaý bilen gyzyklanyp, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabyna baryp, magaryf işgärleri, ene-atalar, kähalatda ene-atalarynyň gatnaşmagynda mekdep okuwçylarynyň özleri bilen hem gürrüňdeş boldy.Bu gürrüňdeşliklerden şeýle netije çykýar: Köýtendag etrabyndaky mekdepleriň köpüsi kiçi, onlarça ýyl mundan öň gurlan we wagtly-wagtynda bejerilmedik mekdepler bolup durýar.

Bu ýagdaýy habarçy bilen söhbetdeş bolan magaryf işgärleriniň azyndan bäşisi tassyk etdi.Radionyň redaksiýasynda mekdeplerdäki ýagdaýlary bolşy ýaly gürrüň beren mugallymlaryň atlary, adresleri bar, ýöne olary howpsuzlyk aladalary sebäpli aýtmaýarys. “Synp otaglarynyň içinde uzak ýyllar bejerilmän, awariýa, heläkçilik ýagdaýyna düşenleri hem bar.

Bu ýagdaý okuwyň üç smenada okadylmagyna alyp gelýär, sebäbi çagalary ýykyljak bolup duran klaslara salmak howply” diýip, köýtendagly mugallym aýtdy.Onuň tassyklamagyna görä, mekdeplerdäki klas ýetmezçiligi käte okuwyň dört smenada okadylmagyna hem alyp gelýär. Ýolbaşçylar her ýyl mekdepleri bejertmek, täzelerini gurdurmak wadasyny berýärler, emma ol wadalar diňe wada bolup galýar diýip, köýtendaglylar aýdýar. “2015-nji ýyla çenli her etrapda dört-bäş sany täze mekdep guruldy, emma bu gurluşyklaryň soňy bolmady, Köýtendagda 6, 18, 57, 14-nji mekdepler täzeden gurulmaga mätäç" diýip, radionyň söhbetdeşleri aýtdylar.

Bellemeli ýeri, Köýtendag etrabynda garaşsyzlygyň başky ýyllarynda hem, bu sebite syýahata baran aşgabatly žurnalistler çagalaryň uzak aralykdaky mekdeplere pyýada gatnaýyşlaryny görüp, haýran galyp gürrüň ederdiler.Mugallymlaryň we ene-atalaryň köpüsiniň tassyklamagyna görä, bu hili şertlerde okuwlar talaba laýyk we doly sagadynda okadylmaýar. “Oba ýerlerinde okuwyň hili barha pese gaçýar, işini gowy bilýän, çagalara sapaklaryny öwretjek bolup jan çekýän mugallymlar ýyl-ýyldan azalýar, çem gelen adamy işe alýarlar, olaryň çaga okatmaga taýýarlygy hem, islegi hem ýok” diýip, iki çagasy oba mekdebinde okaýan ene aýtdy. “Ulujamyzy şähere gatnadyp, şäherdäki mekdepde okadýarys, soň okuwa ibersek, okar ýaly etjek bolýarys, başaran çagasyny şäher mekdeplerinde okatjak bolýar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Bu ýagdaýyň, oba mekdeplerindäki kadr ýetmezçiligini ýurduň beýleki etraplarynda hem tassyk edýärler. Şol bir wagtda, Türkmenistanyň diňe oba mekdeplerinde däl, şäher mekdeplerinde hem, on ýyl okap, ýönekeý habar sözlemini düzüp bilýän uçurymlaryň sanynyň azalýandygy, işe girmek üçin arza ýa-da harby gulluga gidende salam haty ýazyp bilmeýän adamlaryň hem köpelýändigi hakynda aladaly maglumatlar gelip gowuşýar. “Ozal çagalara mekdepde berilýän bilimiň hiliniň beýle pesdigini bilmezdim, bir oglum Türkiýä işlemäge gitdi, beýlekisi harby gullukda, ikisem hat ýazsa, näme diýýänlerine zordan düşünýäris, ne nokady bilýärler, ne otury.

Sözleri hem dogry ýazyp bilmeýärler.Elbetde, özümizem günäkär muňa, wagtynda seretmändiris” diýip, 57 ýaşyndaky kärendeçi Azatlygyň habarçysyna aýtdy.Emma döwlet eýeçilgindäki metbugata seretseň,Türkmenistanyň bilim pudagy “pajarlap ösýär”.

Resmi maglumatlara görä, Türkmenistanda diňe 2018-2019-njy okuw ýylynyň başlanmagy bilenbir topar mekdep açyldy.Mysal üçin, Bäherden etrabynyň Börme obasynda 620 orunlyk, Kaka etrabynyň Kaka şäherinde 1106 orunlyk, Duşak şäherçesinde 1050 orunlyk mekdep, Gumdag şäherinde 600 orunlyk mekdep, Serdar etrabynda 240 orunlyk mekdep, Serdar şäherinde 1170 orunlyk mekdep “gapylaryny giňden açdy”.

Mundan başga, Dänew etrabynyň Bilal obasynda 320 orunlyk, Köýtendag etrabynyň Ters obasynda 320 orunlyk mekdepler açyldy. Ýöne bu mekdepler her ýylda 100 müňden gowrak çaganyň mekdep gapysyndna girýändigi aýdlýan ýurtda talaby ödärden has bärde diýip, Azatlygyň söhbetdeş bolan magaryf işgärleri aýtdylar.

Olaryň pikiriçe, kongres zallaryna, adamsyz myhmanhanalara we beýleki pul ýuwdujy desgalara hasapsyz serişde goýbermän, ilki mekdepleri gursalar, daş-kesege däl-de, ýurduň geljegine maýa ýatyrdyklary bolardy.

Ýene degişli makalalar

Mekdepler 'galplyk ojagyna' öwrüldi, çagalara jogapkärçiliksizlik öwredilýär
Täze okuw ýyly mekdepleriň ene-atalardan pul ýygnamak çäresi bilen başlandy
Aşgabatly mekdep uçurymlary mugallymy zäherlemekde güman edilýär - olar para üçin "jeza bermek isläpdir"
Aşgabatda okuwçylar sowuk synplarda ýeňil geýimde oturmaga mejbur edilýär
Sahna belentligi
Aşgabatda iň arassa mekdep we çagalar bagy bäsleşigi başlandy