“Körpeleriň söýgüli žurnaly” atly söhbetdeşlik

“Körpeleriň söýgüli žurnaly” atly söhbetdeşlik

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 132-nji orta mekdebinde körpeje okyjylary bilen bilelikde “Körpeleriň söýgüli žurnaly” ady bilen gyzykly söhbetdeşlik geçirdi.Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphanamyzyň hünärmeni çagalaryň söýgüli žurnalyndan gyzykly ertekiler, matallar, tapmaçalar, ýaňyltmaçlar aytmak, sorag-jogap alyşmak boýunça bäsleşik gurnadylar. Çagalar hem öz gezeginde söýgüli “Güneş” žurnalyndan “Täsin dünýä”, “Haýwanat dünýäsindäki täsinlikleri”, “Muny bilmek gyzykly” atly sahypalardan özlerini gyzyklandyrýan dürli maglumatlary uly gyzyklanma bilen okadylar. Şeýle-de zehinli çagalar elde ýasalan gurjaklary hereketlendirip, erteki gahrymanlarynyň keşplerini sahna oýunlarynyň üsti bilen janlandyrdylar.

Kitaphanamyz tarapyndan türkmen halk ertekileri esasynda gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy.Söhbetdeşligiň ahyrynda Watanymyzyň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.

Ýene degişli makalalar

MUNY BILMEK GYZYKLY
Haýwanat dünýäsiniň iň akylly jandarlary
Aşgabatdaky Janly tebigatyň milli muzeýi ýene-de işläp başlady
Guş dümewi ABŞ-nyň 24 ştatyna ýaýrady
Türkmenistanda ählihalk bag ekmek kampaniýasy başlady
Milli Liderimiz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy