Körpeje gaz çykaryş müdirliginde 3 milliard kub metre golaý gaz çykaryldy

Körpeje gaz çykaryş müdirliginde 3 milliard kub metre golaý gaz çykaryldy

2023-nji ýylda Türkmennebit döwlet konserniniň Nebitgazçykaryş trestiniň Körpeje gaz çykaryş müdirliginde hereket edýän guýulardan alnan mawy ýangyjyň möçberi 2 milliard 904 million kub metrden hem köp boldy.

Geçen ýylda göz öňünde tutulan meýilnama 104,4 göterime barabar hötde gelindi. Şunda bellenilen meýilnamadan artyk çykarylan mawy ýangyjyň möçberiniň 112 million kub metrden hem köp bolandygy aýratyn nygtalmaga mynasypdyr diýlip, Türkmenistan gazetiniň şu günki sanynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, çärýek asyr wagt bäri hereket edýän bu müdirlik günbatar Türkmenistanyň çäklerindäki Körpeje, Çekişler, Altyguýy ýaly ýataklarda hereket edýän guýulardan mawy ýangyjy çykarmak, taýýarlamak we ony sarp edijilere ugratmak işini birkemsiz ýola goýýar. Gürrüňi edilýän hasabat döwründe guýulardan alynýan gaz kondensatynyň hasabyna nebit çig malynyň 55 müň 342 tonnasy taýýarlandy diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Nebitgazylmytaslama institutynyň laboratoriýalary tarapyndan giň gerimli ylmy-barlag işleri ýerine ýetirilýär
Körpeje gaz çykaryş müdirligi 1 milliard 509 million kub metr gaz çykardy
“Körpeje” gaz çykaryş müdirligi “mawy ýangyjyň” çykarylyşyny artdyrýar
Körpeje gaz çykaryş müdirligi üç aýda 772 million kub metr gaz çykardy
Altyguýy nebit ýatagynda önümli gatlak açyldy
Şu ýyl Körpejede 11 guýy abatlanyldy