Körpeje gaz çykaryş müdirligi üç aýda 772 million kub metr gaz çykardy

Körpeje gaz çykaryş müdirligi üç aýda 772 million kub metr gaz çykardy

Türkmennebit döwlet konserniniň Nebitgazçykaryş trestiniň Körpeje gaz çykaryş müdirligi 2023-nji ýylyň geçen üç aýynda hereket edýän guýulardan mawy ýangyjyň 772 million kub metrden gowragyny almagy başardy. Şeýlelikde, meýilnama 113 göterime barabar ýerine ýetirildi. Şunda artyk çykarylan mawy ýangyjyň möçberi 86 million kubmetrden hem köp boldy. Bu barada Türkmenistan gazetinde habar berildi.

Çärýek asyra golaý wagt bäri hereket edýän bu müdirlik günbatar Türkmenistanyň çäklerindäki Körpeje, Çekişler, Altyguýy ýaly ýataklarda hereket edýän guýulardan mawy ýangyjy çykarmak, taýýarlamak we ony sarp edijilere ugratmak işini birkemsiz ýola goýmagy başarýar. Ýeri gelende, körpejeli hünärmenler hasabat döwründe guýulardan alynýan gaz kondensatynyň hasabyna 12 müň 420 tonna nebit tabşyrmak baradaky meýilnamalaryny hem 117 göterim berjaý etmegiň hötdesinden geldiler.

Ýene degişli makalalar

Körpeje gaz çykaryş müdirligi 1 milliard 509 million kub metr gaz çykardy
Körpeje gaz çykaryş müdirliginde 3 milliard kub metre golaý gaz çykaryldy
Nebitgazylmytaslama institutynyň laboratoriýalary tarapyndan giň gerimli ylmy-barlag işleri ýerine ýetirilýär
“Körpeje” gaz çykaryş müdirligi “mawy ýangyjyň” çykarylyşyny artdyrýar
Altyguýy nebit ýatagynda önümli gatlak açyldy
Şu ýyl Körpejede 11 guýy abatlanyldy