“Körpeje” gaz çykaryş müdirligi “mawy ýangyjyň” çykarylyşyny artdyrýar

“Körpeje” gaz çykaryş müdirligi “mawy ýangyjyň” çykarylyşyny artdyrýar

“Türkmennebit” döwlet konserniniň ”Nebitgazçykaryş” trestiniň “Körpeje” gaz çykaryş müdirliginde hereket edýän guýulardan şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda “mawy ýangyjyň” 772 million kubmetrden gowragy alyndy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, müdirligiň öňünde goýulan meýilnama 113 göterime barabar ýerine ýetirildi. Şunda artyk çykarylan “mawy ýangyjyň” möçberi 86 million kubmetrden hem köp boldy.

“Körpeje” gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri hasabat döwründe guýulardan alynýan gaz kondensatynyň hasabyna 12 müň 420 tonna nebit tabşyrmak baradaky meýilnamalaryny hem 117 göterim berjaý etdiler.

Şeýle hem bu müdirlik günbatar Türkmenistanyň çäklerindäki “Körpeje”, “Çekişler”, “Altyguýy” ýaly ýataklarda hereket edýän guýulardan “mawy ýangyjy” çykarmak, taýýarlamak we ony sarp edijilere ugratmak işini birkemsiz ýola goýmagy başarýar.

Ýene degişli makalalar

Körpeje gaz çykaryş müdirliginde 3 milliard kub metre golaý gaz çykaryldy
Nebitgazylmytaslama institutynyň laboratoriýalary tarapyndan giň gerimli ylmy-barlag işleri ýerine ýetirilýär
Körpeje gaz çykaryş müdirligi 1 milliard 509 million kub metr gaz çykardy
Körpeje gaz çykaryş müdirligi üç aýda 772 million kub metr gaz çykardy
Körpeje müdirligi 2,5 milliard kubmetrden gowrak tebigy gaz çykardy
Şu ýyl Körpejede 11 guýy abatlanyldy