Körpeje gaz çykaryş müdirligi 1 milliard 509 million kub metr gaz çykardy

Körpeje gaz çykaryş müdirligi 1 milliard 509 million kub metr gaz çykardy

Soňky ýyllarda tehniki-ykdysady üpjünçilik babatda yzygiderli täzelenişi başdan geçirýän Türkmennebit döwlet konserniniň Nebitgazçykaryş trestiniň Körpeje gaz çykaryş müdirliginiň zähmet toparlary hemişe öň hatarda bolmagyň hötdesinden gelýärler. Şu ýylyň geçen alty aýynda müdirlikde hereket edýän guýulardan alnan mawy ýangyjyň möçberi 1 milliard 509 million kub metrden geçdi. Bu baradaky meýilnama 109,4 göterime barabar berjaý edildi.

Şunda bellenilen meýilnamadan artyk çykarylan mawy ýangyjyň möçberi 130 million kub metrden hem köp boldy. Gürrüňi edilýän hasabat döwründe tutuş konsern boýunça çykarylan tebigy gazyň üçden iki bölegine barabary hem hut şu müdirlige degişlidir diýlip, Türkmenistan gazetinde habar berildi.

Çärýek asyra barabar wagt bäri hereket edýän bu müdirlik Günbatar Türkmenistanyň çäklerindäki Körpeje, Çekişler, Altyguýy ýaly ýataklarda hereket edýän guýulardan mawy ýangyjy çykarmak, taýýarlamak we ony sarp edijilere ugratmak işini birkemsiz ýola goýýar.

Habarda bellenilişi ýaly, körpejeli hünärmenler geçen alty aýda guýulardan alynýan gaz kondensatynyň hasabyna 28 müň 712 tonna barabar nebit çig malyny taýýarlap, bu baradaky meýilnamany 137 göterim berjaý etmegi başardylar.

Ýene degişli makalalar

Körpeje gaz çykaryş müdirligi üç aýda 772 million kub metr gaz çykardy
Körpeje gaz çykaryş müdirliginde 3 milliard kub metre golaý gaz çykaryldy
Nebitgazylmytaslama institutynyň laboratoriýalary tarapyndan giň gerimli ylmy-barlag işleri ýerine ýetirilýär
“Körpeje” gaz çykaryş müdirligi “mawy ýangyjyň” çykarylyşyny artdyrýar
Altyguýy nebit ýatagynda önümli gatlak açyldy
Şu ýyl Körpejede 11 guýy abatlanyldy