Köpugurly we netijeli gatnaşyklar

Köpugurly we netijeli gatnaşyklar

Türkmenistan BMG-niň dürli guramalarynyň düzümine nobatdaky gezek saýlanyldy

BMG-den gelip gowşan hoş habarlar Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň belent halkara abraýynyň, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetiniň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. 2021-nji ýylyň 20-nji aprelinde BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň (EKOSOS) nobatdaky mejlisiniň dowamynda Türkmenistan 2022 — 2024-nji ýyllar döwri üçin BMG-niň Gender deňligi hem-de zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri boýunça düzüminiň Ýerine ýetiriji geňeşiniň (BMG — Zenanlar) agzalygyna saýlanyldy.

Mundan başga-da, 21-nji aprelde Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde geçirilen BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (ÝYK) 69-njy mejlisiniň dowamynda Türkmenistan bu guramanyň 2021 — 2023-nji ýyllar döwri üçin wise-başlyklygyna biragyzdan saýlanyldy.

Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda parahatçylyk söýüjilik, Açyk gapylar we netijeli hyzmatdaşlyk syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak bilen, saýlap alan ugruna üýtgewsiz eýerýär. Şunda BMG bilen köpugurly, netijeli gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şol gatnaşyklar soňky ýyllarda täze mazmuna eýe boldy.

Bu ugur, umuman alanyňda, milli Liderimiziň döredijilikli daşary syýasaty ýaly, BMG-niň goldawyna eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji ýubileý mejlisiniň başlygynyň orunbasarydygyny, bu hormatly wezipä altynjy gezek saýlanandygyny, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 58-nji, 62-nji, 64-nji, 68-nji hem-de 71-nji mejlisleriniň işine hem wise-başlyk hökmünde gatnaşandygyny bellemek gerek.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň abraýly düzümleriniň we ykdysady edaralarynyň düzümine eýýäm birnäçe gezek saýlanyldy. Şolaryň hatarynda BMG-niň esasy edaralarynyň biri bolan EKOSOS, Ilat we ösüş boýunça komissiýa, Bütindünýä azyk maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji geňeşi, ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşi, BMG-niň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy (SPEKA), BMG-niň Neşe serişdeleri boýunça komissiýasy, BMG-niň Bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary komissarynyň maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komiteti we beýlekiler bar.

Şunuň bilen baglylykda, geçen ýyllaryň içinde biziň ýurdumyzyň eýýäm BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň, BMG-niň ÝYK-nyň durnukly energetika boýunça komitetiniň býurosynyň başlygynyň orunbasarlygyna we BMG-niň Gender deňligi hem-de zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri boýunça düzüminiň Ýerine ýetiriji geňeşiniň (BMG — Zenanlar) agzalygyna saýlanandygyny bellemek gerek.

Bu ýerde Türkmenistanyň ýokary durmuş-ykdysady görkezijilerini gazanmakda uly tejribesiniň bardygy gürrüňsizdir. Döwlet Baştutanymyzyň işläp taýýarlan ösüşiň milli nusgasy öz netijeliligini subut etdi, ol toplumlaýyn özgertmeleri durmuşa geçirmek boýunça aýdyň netijelerde öz beýanyny tapýar.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň ady agzalan düzümlere nobatdaky gezek saýlanylmagy Bitarap döwletimize toplan tejribesini paýlaşmaga hem-de bilelikdäki teklipleri, çözgütleri işläp taýýarlamaga, kabul etmäge gös-göni gatnaşmaga mümkinçilik berýär. Şol çözgütler halkara hyzmatdaşlygy onuň esasy ugurlarynda pugtalandyrmaga, ösüşiň sebit we dünýä derejesindäki işlerini işjeňleşdirmäge, dünýä halklarynyň durmuş derejesini hem-de hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

"Nesil".

https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/26711

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan BMG-niň dürli guramalarynyň düzümine nobatdaky gezek saýlanyldy
Türkmenistan BMG-niň dürli guramalarynyň düzümine nobatdaky gezek saýlanyldy
Türkmenistan BMG-niň ÝYK-nyň sebitleýin forumyna gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Türkmenistan arzuw-maksatlaryň hasyl bolýan ýurdudyr, gülläp ösüşiň we bagtyýarlygyň mekanydyr
Türkmenistan BMG — Zenanlar düzüminiň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanyldy
Türkmen wekiliýeti III Ýewraziýa zenanlar forumyna gatnaşdy