Köpürjik çykarýan halkaly oýnawajy oýnap gören bolsaňyz gerek?!Bu oýun howanyň maýyl wagty daşarda oýnamak üçin iň gyzykly oýunlaryň biridir.Eýsem, köpürjik nädip emele gelýärkä?! Üns beren bolsaňyz, suwuň ýüzündäki köpürjikler, kran ýapylandan soňra akman galan iň soňky damja ýa-da sabynly suwdan halkalar arkaly döreýän şarjagazlar togalak şekilli bolýarlar.
Tebigatdaky beýleki hadysalar ýaly, muny hem fizikanyň kanunlary bilen düşündirmek mümkin.Hünärmenler muny düýpli öwrenipdirler.Olar köpürjikleriň we howada emele gelýän şarjagazlaryň şekiliniň dartgynlyk sebäpli togalak bolýandygyny aýdýarlar.
Ujy halkaly çöpjagaz sabynly suwa batyrylyp çykarylandan soňra, onuň halkasynyň içinde töwerek görnüşli ýukajyk gatlak emele gelýär.Bu gatlak üfläniňizde, üstki dartgynlyk sebäpli giňeýär we içine giren howa sebäpli ýapylyp, tegelek şekile öwrülýär.
Emele gelen ýeňil şarjagaz howada eýläk-beýläk uçanyndan soňra bir zada degeninde ýa-da öz-özünden ýarylýar.Bu şarjagazyň içinde basyşly howa bolýar. Şarjagazyň daşky gatlagy näçe berk bolsa, ol şonça-da kiçi bolýar.Suw damjalary bolsa, şara meňzeýär.
Bir şara suw guýuldygyça, çişip ulalýar.Ol ýarylýança giňemegini dowam etdirýär.Damja hem belli bir ululyga ýetenden soňra ýarylyp, ýere gaçýar.Elbetde, suw damjalarynyň daşynda şar ýok hem bolsa, hamana bize görünmeýän torba bar ýalydyr.
Muňa üst dartgynlygy diýilýär.Suwuň damjasynyň içindäki molekulalar bir-birlerini güýç bilen çekýärler.Emma suwuň ýüzündäki molekulalar howa molekulalaryny çekmeýär.Diňe suwuň içinde dartyş bolýar.Bu bolsa, suw damjasynyň töwereginde hamana bir gatlak bar ýaly täsiri emele getirýär. Şol sebäpli damjalar belli bir agyrlyga ýetýänçä sallanyp durýar.
Diňe suwda däl, beýleki suwuklyklarda hem şeýle hadysa bolup geçýär. Üstki dartgynlyk olaryň dykyzlygyna we agramyna görä dürli-dürli bolýar.