Türkmenistanyň günortasynda, Köpetdagyň eteklerinde möjekleriň adamlara topulmagy ýygjamlaşdy diýip, ýerli ýaşaýjylar “Türkmenistanyň Hronikasyna” gürrüň berdiler. Hususan-da, Balkan welaýatynyň Magtymguly (ozalky Garrygala) etrabynda, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda şeýle hadysalar bellige alyndy.
Birnäçe gün ozal möjekler Nohurdaky dag obasynda ýaşaýan 9 ýaşly oglana hüjüm etdiler. Çaga heläk boldy.
Polisiýa işgärleri şu ýylyň başynda, sebäbini düşündirmezden, ýerli ýaşaýjylaryň aw tüpeňlerini ýygnap aldylar. Ýogsa tüpeňleriň ählisiniň zerur bolan dokumentleri we olaryň eýeleriniň ýarag saklamak üçin ygtyýarnamalary hem bardy.
Adamlar wagşy haçýwanlardan goranmak üçin başga hiç bir zadymyz ýok diýip, lapykeç bolaýrlar. Sünt-Hasar tebigy goraghanasynyň işgärleriniň hem ýaraglaryny aldylar.
Türkmenistanda, şol sanda tebigy goraghanalarda 20 ýyldan gowrak işlän tejribeli ekolog Andreý Zatoka TH bilen söhbetdeş bolup, öz işlän ýyllarynda möşjekleriň adama hüjüm eden gezeginiň bolmandygyny, wagşy haýwanlaryň öňündäki gorkynyň ýerli ilat tarapyndan biraz ulaldylan bolmagynyň ahmaldygyny aýtdy.
Alymyň pikirine görä, ýaraglar adamlara möjeklerden goranmak üçin däl-de, megerem, bikanun aw awlamak üçin gerek bolandyr.
Şol bir wagtda, ekologyň pikirine görä, aw tüpeňleriniň ýabany haýwanlary goramak niýeti bilen alanadygyny ymnanmak kyn. Belki-de bu çäre häkimiýetleriň barha ýokarlanýan protest meýillerinden holwatyrlanmagy, ýaragly adamlaryň terrorçy toparlara goşulmak ähtimallygy bilen baglanyşyklydyr.