Paýtagtymyzyň “Köpetdag” topary Türkmenistanyň futbol çempionatynyň nobatdaky möwsüminiň öňüsyrasy tejribeli oýunçylaryň ikisini düzümine goşdy.
Geçen möwsüm “Köpetdag” futzal kluby bilen ýurdumyzyň Naýbaşy futzal ligasynyň ýeňijisi bolan Öwezbaý Muhemmetmyradow bilen “Aşgabat” toparynyň oýunçysy Bäşim Gurbanberdiýew hünär ýollaryny paýtagtymyzyň toparynda dowam ederler
Şeýle-de, “Köpetdag” topary ýaş oýunçylaryň hem birnäçesini düzümine geçirdi.
Ýeri gelende bellesek, paýtagtymyzyň “Köpetdag” topary geçen ýurdumyzyň futbol çempionatynyň geçen möwsüminde geçiren 28 duşuşygynda 41 utuk toplap, ýaryş tertibini dördünji hatarda tamamlady. Şeýle-de, bu topar geçen ýyl ýurdumyzyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň finalyna çykmagy hem başardy.