
Köpetdag futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 4-nji tapgyrynda myhmançylykda Merwden asgyn geldi.
Mary şäherinde geçirilen oýun 2:1 hasabynda ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlandy.
Ýeňijileriň düzüminde gollaryň ikisini hem Guwanç Berdimyradow (14, 38) öz adyna ýazdyrdy. Myhman topardan bolsa Döwletmyrat Seýitmuhammedow (51) tapawutlandy.
Bu ýeňliş Köpetdag üçin TÝL-iň şu möwsümindäki ilkinji şowsuzlyk boldy. Mundan ozal Tofik Şükürowyň şägirtleri Aşgabat we Energetik bilen deň oýnapdylar.
Merw 5-nji tapgyrda 3-nji aprel güni Energetik bilen duşuşar. Köpetdag bolsa şol gün Şagadamy kabul eder.