Köpetdag etegine geldi bahar...

Şu ýylyň gyşy maýyl günlere baý boldy.Heniz ýanwarda irki bahar duýuldy.Fewralyň ortasynda bolsa Köpetdagyň eteklerine ýaz geldi.Bu näme howanyň ählumumy ýylamagymy ýada tebigatyň oýny?

Howanyň beýle bolany hatda gojalaryňam ýadyna düşenok.Entek asman bulutlrdan ýaňa garalyp dur, daglardan derelere goýy duman inip dur, howada welin otlardyr nowruzgülleriň jana tenekar ysy gelýär, tebigat olary dag derelerine hem jülgelerine şahylyk bilen seçip goýberipdir.

Duşak-Erikdagyň ümürli eňňitlerine, Arçabiliň kiçeňräk tokaýlaryna, Marköwüň etegine we Gökderäniň jülgelerinde ir gelen bahar owadan bezeglerini-nowruzgülleri seçeläpdir. Ýaňy dümterilip çykan ösümlijikler tebigata ýütgeşik ajap görk berýär.Gök mahmal otlaryň arasyndan mawy, gök, benewşe reňkli syçan giasintiniň başjagazlary, olaryň gapdaljygynda bolsa sary tozga güljagazlary çykyp gelýär. Ýönekeýje nowruzgül ýazyň ýalňyz buşlukçysy däl.

Dag dereleriniň alagaraňkylygynda ýerden ak, melewşe, sary, benewşe reňkli, beýik nemes şahyry we naturalisti Gýötäniň “şatlygyň bahar gülleri” diýen krokuslar görünip ugrady.Iň täsirli zatlaryň birem fewral täsinligi gaýalaryň eteginde gülläp oturan daragtlardyr.

Zyban bu görnüşiň gözelligini beýan ederden ejiz gelýär.Badam, ýabany üljedir alça agaçlary gözel lybasyna giripdirler. Çeşme boýuny mekan tutan leýlisaçlar ýaşyl lybasa bürenipdir.Dereleriň depesindäki asman bir garalýar, bir-de açylýar.

Tämiz howa, aklyňy haýran edýän manzarlar! Çeşmejik şiriildäp akyp ýatyr, gaýalara bolsa güller röwşen görk berýär.Birsalymdan daragtlardyr gyrymsy ösümlikleriň bary ak-gülgüne güllere beslener...

Ýene degişli makalalar

Žurnalist we fotosuratçy-nakgaş: ýaşa per bermeýän zehin
Aşgabadyň birnäçe etrapçasynda suw üpjünçiligi kesildi
28.10.2017 | Döwlet Baştutanymyz baýramçylyk bäsleşiginiň hormatly myhmany boldy