Köpçülikleýin nikadan geçmek boýunça iki rekord täzelendi

Hindistanda köpçülikleýin nikadan geçmek boýunça dünýä rekordlarynyň ikisi täzelendi. Bir wagtda ýaş çatynjalaryň 2143 jübüti nikadan geçdiler. Waka ýurduň Rajastan ştatynyň Baran şäherinde geçdi. Bu waka Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleri tarapyndan hasaba alyndy.

Nikalaşmak däbi şu ýylyň 26-njy maýynda guralyp, alty sagada golaý dowam etdi. Şeýlelikde, bu ugurdaky öňki rekordlaryň ikisi täzelendi. Jübütleriň her birine gelinlik üçin şaý-sepler, düşek, aşhana gap-gaçlarynyň toplumy, holodilnik, telewizor we beýleki durmuş maksatly tehnika sowgat berildi.

Ýene degişli makalalar

Hindistanda köpçülikleýin nikadan geçmek boýunça iki rekord täzelendi
Açylowa türkmen hökümetini öz ýoluny baglap, zor bilen hassahana ýerleşdirmekde aýyplaýar
Türkmenistan ilatyna köpçülikleýin waksina sanjymyny edip başlady
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanly geý özi barada gürrüň bermek we diskussiýa başlamak isleýär
Taryhyň synagy (3-nji bölüm): Göçe-göçlük döwrüniň şaýatlary