“Aýdym-saz bu köp zady öz içine alýan dildir.Aýdym-saz bizi birleşdirýär.Ol bu dünýäniň simwolydyr”.BMG-niň Baş sekretary 27-nji maýda Wenada geçirilen “Day of action” konsertiniň myhmanlaryna we gatnaşyjylaryna şeýle sözler bilen ýüzlendi.
Konsertde dürli žanrdaky sazlar ýaňlandy. Çäräniň guramaçysy BMG-niň parahatçylyk ilçisi dünýä belli wiolonçelçi Ýo-Ýo Ma boldy. Sazdaky žanrlaryň we tärleriň dürli-dürlüligi köp medeniýetli jemgyýeti şöhlelendirýär Bu, esasan hem, Ýewropanyň häzirki ýagdaýynda aýratyn möhümdir. Şu günki jemgyýet köp sanly kowumlardan, medeniýetlerden we dinlerden ybaratdyr diýip, Baş sekretar aýtdy. Ýöne bu ýagdaýa jemgyýetiň taýýarlygy zerurdyr.
Migrasiýa halkara hyzmatdaşlygyny we integrasiýa maksatnamalaryna maýa goýumlaryny talap edýär diýip, BMG-niň baş sekretary belledi.Guterreş halkara jemgyýetçiligini dünýäniň ähli ýerindäki bosgunlara ýardam bermäge çagyrdy.Soňra BMG-niň Baş sekretary Awstriýanyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy we BMG edýän goldawlary üçin hoşallyk bildirdi.
Wena 40 ýyl mundan ozal, BMG üçin gapylaryny giňden açypdy.Häzirki wagtda Awstriýanyň paýtagtynda BMG-niň köp sanly ştab-kwartiralary ýerleşýär. Biziň üçin elbetde, Ýewropada wekilhanamyzyň bolmagy örän möhümdir. Ýewropanyň jemgyýetçilik ösüşinde iň esasy paýy hem onuň aň-bilim gymmatlyklarydyr. Şu günki günde bu gymmatlyklar has möhümdir diýip, BMG-niň baş sekretary aýtdy.27-nji maýda howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine garşy göreşmek boýunça Wenada geçirilýän Bütindünýä “R20” sammitine BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterreş, Awstriýanyň Prezidenti Aleksandr Wan der Bellen we belli aktýor Arnold Şwarsenegger gatnaşdy. “R20-Regions for climate action” atly söwda maksatly bolmadyk bu gurama atmosfera zyňylýan zyýanly galyndylary azaltmaga gönükdirilen ykdysady taslamalary işläp düzüp, bütin dünýäniň sebit hökümetlerine ýardam berýär.
Bu gurama 2011-nji ýylda BMG-niň ýardamy bilen Golliwudyň aktýory, Kaliforniýa ştatynyň ozalky gubernatory, ekologiýa boýunça aktiwist Arnold Şwarsenegger tarapyndan esaslandyryldy.