“Köňüllere ylham berýän kitaplar”

“Köňüllere ylham berýän kitaplar”

Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalar institutynyň bilelikde gurnamagynda “Köňüllere ylham berýän kitaplar” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň “Garaşsyzlyk - bagtymyz” atly bu ajaýyp kitaby taryhy maglumatlara, gyzykly wakalara, atalar sözlerine, nakyllardyr, aýtgylara juda baýdygy, Garaşsyzlygymyz hakyndaky çuňňur düşünjeleri özünde jemleýändigi, Garaşsyzlygyň gadyr- gymmatyna, ähmiýetine çuňňur düşünmäge çagyrýandygy barada, hem-de hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik eseriniň XIII jildinde gadymy gündogaryň meşhur alymlary tarapyndan şu ugra degişli ýazylan kitaplaryň özboluşly dowamydygyny, baý many mazmunlylygy , maglumatlaryň beýan edilişi, häzirki zaman derejesindäki çap ediliş usuly bilen örän tapawutlanýandygyny aýratyn nygtadylar. Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” kitabynyň XIII jildinde lukman Liderimiziň türkmen tebigatyna, halkymyza bolan egsilmez söýgüsiniň miwesidigi, tebigat bilen sazlaşykly ýaşamagy başaran pederlerimiziň toplan tejribelerine, durmuş ýörelgelerine çuňňur hormat sarpasynyň, ýurduň uly baýlygy hasaplanylýan il saglygy babatdaky taýsyz tagallalarynyň subutnamasydygy barada giňişleýin gürrüň edildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, şeýle ajaýyp kitaplarynyň höwrüniň köp bolmagy arzuw edildi.

Ýene degişli makalalar

BEÝIK MAGTYMGULYNYŇ ÝADYGÄRLIGI BELENTDEN SELEŇLÄP GÖRÜNÝÄR
Türkmen kompaniýalary Astanada geçiriljek TransLogistica Kazakhstan—2024 sergisine gatnaşarlar
Kazan Türkmenabat ugry boýunça ýakyn günlerde amala aşyryljak howa gatnawy üçin goşmaça orunlar döredildi, Tatarstanyň we Türkmenistanyň paýtagtlarynyň arasynda howa gatnawy gaýtadan dikeldildi, Aşgabatda teatr festiwalynyň jemi jemlendi, iň salkyn maý
Aşgabatdaky Puşkin teatry Nury Halmämmedowa bagyşlanan spektakl taýýarlaýar
Dünýä türkmenleri Türkmenistanda geçiriljek irki prezident saýlawlaryndan nämä garaşýar?
“Köňüller, ýürekler bir boldy bu gün, görmäge göz gerek Türkmenistany” ady bilen geçirilen baýramçylyk dabarasy
Ýolötenli gurluşykçy öýünde bagşylar muzeýini döretdi