Ozal hem habar berşimiz ýaly, şu gün Aşgabat şäherindäki Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynda Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty atly IV halkara festiwalyň açylyş dabarasy geçirildi.
14 — 16-njy noýabr aralygynda geçiriljek halkara festiwalyň meýilnamasyna laýyklykda, onuň ilkinji güni ilkinji bolup, Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň taýýarlan Köňüller kemaly atly sahna eseri görkezildi. Günüň ikinji ýarymynda görkezilen sahna eserine ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri, şeýle-de halkara festiwala gatnaşmaga gelen daşary ýurtly teatr artistleri tomaşa etdiler.
Nurmyrat Saryhanowyň Kitap hekaýasy esasynda Bagtyýar Abaýewiň režissýorlyk etmeginde sahnalaşdyrylan Köňüller kelamy atly sahna eserinde Türkmenistanyň at gazanan artisti Ýeňiş Ýazmyradow Welmyrat aganyň, Türkmenistanyň at gazanan artisti Göwher Muhammetgulyýewa Ogulbossan ejäniň, Resul Aýdogdyýew Welmyrat aganyň ýaşlygynyň, Akmaral Durdyýewa Ogulbossan ejäniň ýaşlygynyň, Magtymgly Gurbanow žurnalistiň, Türkmenistanyň halk artisti Anna Meläýew kitap satanyň, Türkmenistanyň at gazanan artisti Döndi Sapardurdyýewa enäniň, Kerwen Rejepgeldiýew Myradyň çagalygynyň, Orazberdi Çolukow arabalynyň, Aman Ataýew okamyş ýigidiň, Bike Garýagdyýewa Totam ejäniň, Eziz Geldiýew ýaş mugallymyň, Ilmuhammet Babaýew çeküli gojanyň, Hudaýberdi Annarejepow kerwenbaşynyň, Guwanç Bäşimow nökerbaşynyň keşplerinde çykyş edýärler.
Ýeri gelende belläp geçsek, sahna eseriniň suratkeşi Maksat Amangylyjowa, yşyk bezegi Täçmyrat Meleji bilen Rahat Gündogdyýewa, saz bezegi bolsa Abdylazim Rejepowa degişli. Oýnuň assisenti Orazberdi Çolukow, režissýorlyň kömekçisi bolsa Gurban Gurbanowdyr.
Köpçülikleýin sahnalarda teatryň artistleri bilen Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary, Arkadag şäheriniň 10-njy orta mekdebiniň okuwçylary, şeýle-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň medeniýet öýüniň artistleri çykyş edýärler.
Köňüller kelamy atly sahna eseri barada belläp geçsek, oýun Nurmyrat Saryhanowyň Kitap atly hekaýasy esasynda taýýarlandy. Bu sahna eseriniň baş gahrymany Welmyradyň argyşa gidişi we şol ýerde sowatly bir ýaş ýigidiň okaýan kitabyna maýyl bolup, ony guba düýä çalşyp gaýdyşy beýan edilýär.
Şeýle-de sahna eserinde Welmyradyň bu hereketini nädogry hasaplan oba adamlaryň bolandygy, hat-da onuň maşgalasynyň nägiledigi täsin wakalaryň üsti bilen dartgynly görkezilýär. Onuň kitaba, şygryýete bolan höwesiniň beýikligi ähli kynçylyklardan üstün çykyp, türkmen edebiýatynyň altyn hazynasyna, medeni mirasyna bahasyna ýetip bolmajak goşant goşdy.
Sahna eseriniň dowamynda türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň eserleriniň ähli döwürler we nesiller üçin gymmatlydygy beýan edilýär.