Beýik Ýüpek ýolunyň ygrunda ýerleşen gadymy türkmen şäherleri taryhy- medeni ýadygärliklere baýdyr.Mysal üçin, diňe Daşoguz welaýatynda Hörezm şalary türkmen döwletiniň ozaky paýtagtynyň günbatar derwezesiniň golaýynda ýurdumyzyň çäklerinden daşarda-da giňden tanalýan, indi “Köneürgenç” Döwelt taryhy-medeni goraghanasynyň hataryna girýän we ÝuNESKO-nyň Bütindüýä mirasynyň sanawyna goşulan Tekeşiň we Il-Arslanyň, Törebeg hanymyň, Soltan Alynyň, Pirýar Weliniň kümmetleri, Gutlug Timuryň minarasy we milli binagärligiň beýleki dür däneleri şu günlere çenli saklanyp galypdyr.
Olar dünýäniň çar tarapyndan syýahatçylarydyr zyaýarata gelýänleri diňe bir öz taryhy gymmatlygy bilen däl, eýsem ruhlulyk nury we gelip çykyşy baradaky owadan rowaýatlaty bilen-de özüne maýyl edýär.
Orta asyrlarda BeýikÝüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Ürgenç Gündogarda at alan ylym we medeniýet merkezleriniň biri bolup, adamzadyň ylmy we ruhy genji-hazynasyna saldamly goşant goşan tanymal danalaryň we şahyrlaryň, matematikaçylaryň we astronomlaryň, sopuçylyk ylmynyň ussatlarynyň we tanymal din taglymatçylarynyň jemlenen ýeri bolupdyr.
Ibn Hajibiň ady XIV-XVI asyrlaryň ýadygärlikler toplumy bilen baglanşyklydyr, ol, rowaýata görä, ýaş döwri hem ylmyň dürli ugurlaryndan bilimi ýetik adam bolupdyr, bu bolsa, ony Ürgenjiň ýokary medresesiniň baş ymamy derejesine ýetiripdir.
Ýadygärlik iki bölekden ybarat kümmet bolup, soňra onuň gapdalyndan tomusky metjit we medrese gurlupdyr. Ol gadymy şäheriň binagärlik dürlerinden birneme uzagrakda ýerleşýär. Onuň belent peştagy şu sebite mahsus usulda ýylmanan bişen kerpiçden gurlupdyr.
Kümmetiň içinde guburhana we zyýarathana bar. Toplumyň beýleki binalary, şol sanda açyk howluly metjit we hüjreli medrese, soňrak, dürli döwürlerde gurlupdyr. XIV asyra degişli guburhanada arap hatly ýokary hilli syrçaly plitalaryň yzy galan mazar bar.
Zyýaratçylaryň köp gelýän ýeri bolan binagärlik sungatynyň bu ýadygärligini häzirki döwürde käbir jaýlaryň durkuny täzelemek we berkitmek boýunça iş alyp barýan “Köneürgenç” döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň işgärleri gorap abat saklaýarlar.