Köneürgençde aramgähleriň müjewürleri we käbir din wekilleri korrupsiýada aýyplanyp tussag edildi  

Köneürgençde aramgähleriň müjewürleri we käbir din wekilleri korrupsiýada aýyplanyp tussag edildi  

UNESCO-nyň Bütindünýä mirasyna girizilen Köneürgençdäki käbir taryhy-medeni ýadygärlikleriň 8 işgäri geçen hepdäniň aýagynda korrupsiýa aýyplamalary esasynda tussag edildi.Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şertinde 2-nji iýulda habar berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň hem-de Içeri işleri ministrliginiň binýadyndaky 6-njy bölümiň hukuk goraýjy resmileri 3-4 gün mundan ozal Köneürgenjiň käbir taryhy-medeni ýadygärlikleriniň işgärlerini we şäherdäki zyýarathanalaryň käbir din wekillerini saklady.

Bu taryhy ýadygärlikleriň hatarynda halk arasynda “Üç ýüz altmyş öwülýä/pir” ýa-da “Şikebir ata” ady bilen giňden tanalýan Nejmeddin Kübra atly taryhy şahsyň aramgähiniň hem-de Gutlug Temuryň meşhur taryhy minarasynyň gapdalynda ýerleşýän we halk arasynda “Garagapy baba” ady bilen giňden tanalýan Seýit Ahmet işanyň aramgähleri bar.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, howpsuzlyk resmileri Köneürgenjiň ilat arasynda keramatly hasaplanýan esasy zyýarathanalarynyň müjewürlerini korrupsiýa aýyplamalary esasynda saklady.Saklananlaryň hatarynda halk arasynda “Üç ýüz altmyş pir” atlandyrylýan zyýarathananyň ýolbaşçysy we iki müjewüri, şeýle-de “Garagapy baba” we “Nejip baba” atlary bilen tanalýan zyýarathanalaryň müjewürleri hem-de şäherdäki taryhy-medeni goraghananyň işgärlerinden ybarat jemi 8 adam bar.

Azatlyk Radiosynda korrupsiýada aýyplanyp tussag edilenleriň käbirleriniň at-familiýalary bar, ýöne redaksiýa olary mälim etmekden saklanýar.Azatlyk zyýarathana müjewürlerine garşy gozgalan kazyýet işiniň detallaryny öwrenýär.Gizlinlik şertlerinde çykyş edýän ýurt içindäki habarçymyz häkimiýetleriň Köneürgenjiň metjidini hem güýçli barlaýandygyny aýdýar.

Onda bar bolan käbir maglumatlara görä, korrupsiýada aýyplanyp tussag edilen adamlaryň öýlerinden çakdan aşa uly möçberde puluň tapylandygy habar berilýär. “Tussag edilenleriň awtomobil ulaglary konfiskasiýa edildi, [ýagny hökümetiň haýryna geçirildi]. Şäheriň polisiýa merkezi hökümet haýryna geçirilen maşynlardan doldy” diýip, habarçy aýtdy.

Türkmenistanyň “Köneürgenç” Döwlet taryhy-medeni goraghanasy ýa-da korrupsiýa operasiýalaryna gatnaşan hukuk goraýjy edaralar bu maglumatlar boýunça resmi beýanat bilen çykyş etmedi.Köneürgenjiň gadymy ýadygärlikleri 2005-nji ýylda UNESCO-nyň Bütindünýä mirasyna girizildi.

Türkmenistan abraýly halkara guramalaryň korrupsiýa hasabatlarynda ýylyň-ýyly yzdaky orunlary eýeleýär. Ýerli synçylar ýurtda döwletiň aralaşan ähli institutlarynda korrupsiýanyň giň ýaýrandygyny aýdýarlar. Ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň soňky maglumaty bilen, Türkmenistanda korrupsiýanyň dini institutlara, halkyň keramatly hasaplaýan ýerlerine-de aralaşandygy tassyk boldy, ýöne onuň mazmuny we gerimi nämälimliginde galýar.

Mundan ozal Azatlygyň ýurt içindäki habarçylary korrupsiýanyň çagalar baglaryndan başlap, ýurduň ýokary okuw jaýlaryna, galyberse-de döwlet edara-kärhanalaryna giňden ornaşandygyny habar beripdi.Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2017-nji ýylyň iýun aýynda Ykdysady jenaýatlara garşy özbaşdak döwlet gullugynyň döredilýändigini yglan etdi. Ýöne 2019-nji ýylyň ýanwar aýynda bu gullugyň özbaşdak ygtyýarlyklary ýatyrylyp, ol Içeri işler ministrligine berkidildi.

Transparency International guramasynyň ýanwar aýynda ýaýradan soňky hasabatynda Türkmenistan ýurtda korrupsiýanyň derejesi boýunça 180 ýurduň arasynda 161-nji orunda ýerleşdirildi.Global töwekgelçilik boýunça geňeşdarlyk hyzmatlaryny hödürleýän The Risk Advisory Group kompaniýasynyň ýaýradan “Korrupsiýa päsgelçilikleri 2019” atly soňky hasabatynda Türkmenistan korrupsiýa maglumatlarynyň elýeterliligi boýunça dünýä ýurtlarynyň arasynda iň yzdaky orunda ýerleşdirildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz.Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Ýene degişli makalalar

Täze hasabata görä Türkmenistan korrupsiýanyň döredýän päsgelçilikleri boýunça dünýäde iň öňdäki orunda
ÝUNESKO döredilýär
Türkmenistanda diplomlary ykrar ediljek ÝOJ-laryň sanawy
Daşary ýurt diplomlary barada türkmen metbugaty ahyrsoňy dil açýar, Bilim ministrligi täze düzgüni düşündirýär
Türkmenistanyň DIM-de ÝUNESKO-nyň Klaster edarasynyň direktory bilen duşuşyk
Türkmenistan at keselçiliginden erkin zonany döretmek hakynda sertifikat aldy