Her ýylyň 1-nji oktýabry ýurdumyzda ýaşulular güni giňden bellenilip geçilýär.Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda bu dabara aýratyn many-mazmuna eýe bolýar.Köneürgenç etrap häkimliginiň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda “Köneürgenç” taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň ýadygärlikler toplumynda gezelenç guraldy.
Gezelenje il sylagly ýaşulular, mährem eneler gatnaşdylar.Gezelenjiň dowamynda Köneürgenç taryhy-medeni goraghanasynyň ýol görkezijisi Parahat Nazarow 2005-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä sanawyna girizilen Köneürgenç taryhy-medeni goraghanasynyň çägindäki täsin, taryh üçin bahasyna ýetip bolmajak ýadygärlikleri, bu ýerdäki muzeý gymmatlyklary bilen tanyşdyrdy.
Bu taryhy ýadygärlikler bilen tanyşmak gezelenje gatnaşyjylarda taryhymyza hormat, göwünlerinde ruhubelentlik döretdi.Bu ýere gelenler ülkäniň taryhy barada giň düşünje alyp, ata-babalarymyzyň nähili ýaşandyklaryna aýdyň göz ýetirdiler.
Gözelligi we ylmy ähmiýeti bilen meşhurlyga eýe Törebeg hanymyň mawzoleýini, Nejmeddin Kubra ýadygärlikler toplumyny, Il Arslanyň, Soltan Tekeşiň, Ibn-Hajy ýadygärliklerini, Merkezi Aziýada belentligi boýunça ilkinji orunda duran Gutlug Temuryň minarasyny, Seýit Ahmediň kümmetini synlap, şöhraty äleme dolan ata-babalarymyzyň gadymy mekanynda sünnäläp bina edilen galalaryna buýsanç we bilesigelijilik bilen tomaşa etdiler.
Geçirilen bu gezelenç Gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilýän “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň täsirliligini has-da artdyrdy.Soňra etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň adyndan il sylagly ýaşululara, mährem enelere baýramçylyk mynasybetli ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Gülhumar HOJAHMETOWA, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Köneürgenç etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni, Zenanlar guramanyň işjeň agzasy.