Köneürgenç türkmen taryhynyň dürdänesi

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli topary taryhy we medeni ýadygärliklerimizi dikeltmek, şonuň ýaly-da, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin bu desgalaryň sanyny artdyrmak babatynda welaýatlaryň çäklerinde degişli wagyz-nesihat işlerini yzygiderli guramagy dowam etdirýär. Şuňa laýyklykda, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariaty tarapyndan 2022-nji ýylyň 8-10-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Medeniýet ministirligi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi we Daşoguz welaýat häkimligi bilen bilelikde Köneürgenç türkmen taryhynyň ajaýyp dür dänesidir atly maslahat geçirilýär.

Maslahatda welaýatymyzyň çäklerinde ýerleşen taryhy ýadygärlikleriň täze tapgyryny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek baradaky mümkinçilikleri öwrenmek göz öňünde tutuldy.Maslahata gatnaşyjylar Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm çatrygynda ýerleşen, türkmen medeniýetiniň dörän ojaklarynyň biri bolan, halkymyzyň beýik geçmişiniň yzlary ýatan gadymy Gürgenjiň taryhy we medeni döwlet goraghanasynyň ýadygärlikler toplumyna zyýarat ederler.Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyz syýasy-jemgyýetçilik, durmuş-ykdysady we medeni-ruhy ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýar.

Bu gün türkmen jemgyýetinde ähli ugurlar bilen birlikde halkymyzyň medeni geçmişi, taryhy-ruhy mukaddeslikleri hem täze öwüşgine eýe bolýar.Garaşsyz Türkmenistan gadymy siwilizasiýalaryň mirasdüşeri bolmak bilen BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO), Türki halklaryň Halkara medeniýet we sungat guramasy (TÜRKSOÝ), GDA ýaly iri halkara guramalary bilen medeniýet ugrunda netijeli hyzmatdaşlyk edýär.

Türkmenistanyň taryhy-medeni mirasynyň binalary halkymyz üçin bahasyz gymmatlykdyr we bütindünýä medeni mirasynyň aýrylmaz bölegidir.Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri has gadymy döwürlere degişli bolup, ol binalar özboluşly gurluş äheňi, binagärlik aýratynlygy bilen tapawutlanýar.

Dehistan, Nusaý, Köneürgenç, Amul, Merw ýadygärlikler toplumlarynda bina gurmagyň täsin nusgalaryny görmek bolýar.Aýratyn hem Maşat ata, Togalakdepe, Goňurdepe, Mansurdepe, Namazgadepe, Ulugdepe, Altyndepe, Yzmykşir, Ysmamyt ata, Seýitjemaleddin metjidi, Sarahs galasy, Soltan Sanjaryň kümmeti ýaly taryhy-medeni ýadygärliklerden tapylan taryhy tapyndylar özüniň täsin gurluşy bilen haýran galdyrýar.

Her bir taryhy ýadygärlik bilen baglanyşykly nesilden-nesle geçip gelen rowaýatlar geljegimiz bolan ýaşlary terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir.Ol rowaýatlar Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi, Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi, Ömrümiň manysy atly ajaýyp kitaplarynda örän täsirli beýan edilýär.Türkmenistanyň taryhy ýerlere baý künjekleriniň biri hem gadymy Daşoguz topragydyr.

Daşoguz welaýaty ýurdumyzyň agrar taýdan ösen sebiti bolmak bilen çäklenmän, Diýarymyzyň gadymy we baý mirasynyň genji-hazynasyny gursagynda saklap oturan, Hoja Ahmet Ýasawynyň, Aşyk Aýdyň piriň, Ibn Sinanyň, Biruniniň, Zamahşarynyň, Nejmeddin Kubranyň… yzlary galan, gadymy ýazgylarda Müňläp şäheriň ýurdy, Ýeriň göbegi diýlip wasp edilen ajaýyp mekandyr.

Horezmiň gadymy ýadygärlikleri, Yzmykşir, Döwkesen, Diýarbekir ýaly taryhy ýerler bu gadymy topragyň syýahatçylyk gymmatyny artdyrýar.Merkezi Aziýanyň halklarynyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklary hasaplanýan taryhy we arheologik ýadygärlikleriň jemlenen ýeri bolan Daşoguzda sazyň piri Aşyk Aýdyň piriň aramgähi, Şasenemiň galasy, Akja gala, Ybraýym Edhem galalar toplumy daşary ýurtlularyň, öz ildeşlerimiziň iň gelim-gidimli ýerine öwrüldi.

Bu gadymy toprakda Abu Reýhan Biruni, Mahmyt Zamahşary, Nejmeddin Kubra, Mahmyt Pälwan, Aşyk Aýdyň Pir, Nurmuhammet Andalyp, Abdylla Şabende, Gurbanaly Magrupy ýaly Gündogaryň beýik alymlary we meşhur şahyrlary ýaşapdyr.

Bu ýerde ylmy-barlag işlerini alyp barmaga giň mümkinçilikler döredilipdir.Olar dünýä ylmynyň hem-de medeniýetiniň ösüşine bahasyna ýetip bolmajak goşant goşupdyrlar.Ylym-bilimiň mesgeni hökmünde tanalýan Köneürgenç ajaýyp binagärlik sungaty bilen hem meşhurlyga eýedir.

Nejmeddin Kubranyň, Pirýar Weliniň hem-de Soltan Alynyň kümmetleriniň binagärlik toplumlary, Daş metjit muzeýi we Törebeg hanymyň kümmeti, Daşgala ýadygärlikleriniň Kerwensaraý girelgesi, Il Arslanyň, Tekeşiň kümmetleri, Gutlug Timuryň Merkezi Aziýadaky iň belent minarasy binagärlik sungatynyň ajaýyp gymmatlyklaryny döreden halkymyzyň gaýtalanmajak eserleridir.Taryhy we medeni ýadygärlikleri aýawly saklamakda we öwrenmekde ýurdumyz bilen halkara guramalaryň hem-de esasy ylmy merkezleriň arasyndaky hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär.

Täze arheologik we binagärlik ýadygärlikleri ýüze çykarmak işleri dowam etdirilýär.Türkmenistan ÝUNESKO: Diýardan ýaýran ýollar atly şygar astynda geçirilýän Köneürgenç türkmen taryhynyň ajaýyp dür dänesidir atly maslahat ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde taryhy ýadygärliklerimiziň ähmiýetini ýokarlandyryp, olary täze usullarda halk köpçüligine ýetirmek bilen, türkmen halkynyň mukaddesligine öwrülip giden medeni we taryhy gymmatlyklarymyzy dünýä jemgyýetçiligine ýaýmak ýaly asylly maksatlary nazarlaýar.Gadymy siwilizasiýanyň esasy merkezleriniň biri hasaplanýan Köneürgenjiň ýadygärlikler toplumynyň 2005-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi buýsançly başymyzy ýene bir gezek beýgeltdi.Watanyny söýýän, oňa buýsanmagy başarýan adam ruhy taýdan baýdyr.

Türkmen halky üçin Watan, ene toprak hemme zatdan eziz hem mukaddesdir.Her bir raýatyň ykbaly Watanyň ykbaly bilen berk baglanyşyklydyr. Şonuň üçin Watan hakda, Watanyň mukaddesligi hem ezizligi hakda oýa batanyňda Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan kemal tapan Watana söýgi iň beýik söýgüdir, Arkadagly Serdarymyzyň Watan diňe halky bilen Watandyr!

Döwlet diňe halky bilen döwletdir!diýen parasatly sözlerini buýsanç bilen ýatlaýarsyň.Ata-babalarymyzyň yhlasyna eýlenen medeni mirasymyzy, ruhy we ahlak gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda, ýaş nesillerimizi ynsanperwerlige, watansöýüjilige barýan milli ruhuň belent basgançaklaryna ýetirmekde uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin.

Aşyrdurdy Allaýew,Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýatbirleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty.

Ýene degişli makalalar

Rowaýata öwrülen galalar
“Aşgabat 2017” oýunlarynyň açylyş dabarasynda türkmenleriň janlandyrylan taryhy: Dhistan we Köneürgenç
21.09.2017 | “Aşgabat 2017” oýunlarynyň açylyş dabarasynda türkmenleriň janlandyrylan taryhy: Dhistan we Köneürgenç
Köneürgenç Merkezi Aziýanyň derwezesi
Türkmenistan — umumadamzat gymmatlyklaryň mekany atly maslahat geçirildi
Türkmenistan — umumadamzat gymmatlyklaryň mekany atly maslahat geçirildi