Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen häzirki döwürde ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň taryhy geçmişi giňden öwrenilýär.Köneürgenç, Merw şäherleri, Nusaý galasy öz döwründe dünýä medeniýetiniň we ylmynyň ösmegine uly goşant goşupdyrlar.
Köneürgenjiň baý taryhy gadymy ýadygärlikleri, dürli döwürleriň eksponatlary, özboluşly milli mirasy uzak ýyllardan bäri dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň alymlaryny, taryhşynaslaryny hem-de dünýä arheologlaryny gyzyklandyryp gelýär. Şäherde belli alymlar, syýasatçylar, serkerdeler, zergärler hem-de ökde ussalar ýaşapdyr. Şähere çar künjekden myhmanlar gelipdirler, täjirleriň we söwdagärleriň, syýahatçylaryň gelim-gidiminiň yzy üzülmändir.
Hytaý imperatorlarynyň biri öz ilçisi Çžan Szýany Merkezi Aziýa ýurtlaryna syýahatçylyga ugradýar.Ilçi il arasynda Hytaý Geredoty ady bilen tanalypdyr.Bu hytaý alymy taryhyň atasy hasaplanypdyr.Hytaý ilçisi Merkezi Aziýa ýurtlarynda geçiren ekspedisiýasynyň netijesinde ýurtlaryň geografiki ýerleşişini, içerki resurslaryny, daglary we derýalary öwrenipdir.
Bazarlara baryp görüpdir, harytlaryň bahalary bilen gyzyklanypdyr hem-de köp zatlar bilen tanşypdyr.Ilçi syýahat edýän wagty halklaryň medeniýeti, däp-dessurlary, ösen maldarçylyk pudagy we senetçilik hünärmentçiligi bilen içgin tanşypdyr.
Ilçi Watanyna dolananda gyzykly maglumatlary taýýarlapdyr. Şonuň ýaly-da, ilçi owadan behişdi türkmen atlary barada ýan depderinde aýratyn belläpdir. Şeýlelikde, Çžan Szýanyň ekspedisiýasy arkaly Gürgenç şäherine ýol açylypdyr.
Ekspedisiýanyň netijesinde hytaýly söwdagärlere Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bazarlaryna, Ortaýer deňziniň gündogar kenarlaryna çenli aralaşmaga mümkinçilik döräpdir.Bu kerwen ýoly häzirki Türkmenistanyň çäginden geçipdir.Türkmen topragynyň çäginden geçen Beýik Ýüpek ýoly halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmekde, işjeň duşuşyklar we gepleşikler üçin uly ähmiýete eýe bolupdyr. Şeýle hem Hytaý bilen söwda gatnaşyklaryny ymykly ýola goýmaga mümkinçilik döräpdir.
Söwda kerwenleri kynçylyklara garamazdan Beýik Ýüpek ýolynyň ugry bilen ýüpek we halylar, altyn we gymmat bahaly daşlar, zergärçilik önümleri we miweler, kagyz we matalar, hoşboý ysly zatlar we dermanlar, çaý, tüwi we beýleki köp zatlar daşalypdyr.
Syýahatçylar, alymlar özleri üçin täze şäherleri açypdyrlar.Olar halklaryň gündelik durmuşy bilen gyzyklanypdyrlar. Ýerli ýaşaýjylaryň däp-dessurlaryny we medeniýetini öwrenipdirler, ylym-bilimleri bilen giňişleýin tanşypdyrlar.Hytaýa ajaýyp türkmen atlaryny, nepisligi we gaýymlygy boýunça gaýtalanmajak halylary, ýumşak nah matalary, ýorgan-düşekler, şirin üzümler, künji, datly gawun-garpyzlar, guradylan miweler, reňkli aýnalar we şuňa meňzeşler äkidilipdir.
Hytaýdan häzirki Türkmenistana ýüpek, çaý, kagyz, farfor önümleri getirilipdir.Bu harytlar juda geçginli bolupdyr.Beýik Ýüpek ýolunyň bir şahasy gadymy Köneürgenjiň üstünden geçipdir.X asyryň ahyrynda Gürgenç Horezm döwletiniň merkezi hasaplanypdyr.
Syýahatçylar Köneürgenç barada täsin galmak duýgusy bilen ýazgylar galdyrypdyrlar.Arap geografy Al-Istahri (850-934), Ürgenç Horezmiň iň uly şäherleriniň biridir diýip belläp geçipdir. Şol ýerden ýükli kerwenler Jurjan şäherine, Hazara we Horasana gidipdirler.
Olaryň önümleri diňe ýerli bazarlara däl-de, eýsem, dünýä bazarlaryna hem çykarylypdyr.Beýleki arap syýahatçysy, geograf we taryhçy Ýakut al-Hamawi (1178-1229) haýran galmak bilen Köneürgenç barada şeýle ýazypdyr.
Dünýäde şunuň ýaly şäher bardyr diýip pikir hem etmändim, şäher bazarlary dürli harytlaryň bolçulygy bilen meşhurdy.Tanymal arap syýahatçysy we täjir Ibn-Battuta (1304-1377) Ürgenç barada ýazgysynda Bu uly owadan şäheriň ajaýyp bazarlary, giň köçeleri köpsanly gurluşyklary ýatdan çykmajak pursatlary döredýär, şäherde joşgunly durmuş höküm sürýär we ýaşaýjylaryň şeýle bir köplügi sebäpli deňiz ýaly tolkun atýardy.
Bir gezek şäheriň içi bilen barýarkam men bazara girdim, bazaryň ortarasyna ýeten wagtym öňe-yza hereket edip bilmedim.
Mongollar Ürgenji basyp almazynyň öňüsyrasy şäher gündogaryň iň uly we haşamly şäherleriniň biri bolupdyr.XI-XIII asyrlarda şäheriň jemgyýetçilik gatlagynda belli bir derejede sowatly adamlar ýüze çykarylypdyr.Olar birnäçe dil bilmegi başarypdyrlar.
Bu ýerde ýokary hünärli adamlar zähmet çekipdirler. Şunlukda, adamlaryň bilime bolan teşneligi olaryň çuň bilim almagyna hem-de ylmy işleri bilen meşgul bolmagyna getiripdir.Bularyň ählisi zehinli alymlary, tebigat hadysalaryny öwrenijileri ýüze çykarmaga we ylmyň ähli ugurlarynyň ösmegine güýçli itergi beripdir.
Gürgenç dünýäde beýik alymlary, ajaýyp lukmanlary, parlak şahyrlary we jaý gurujy ussalary kemala getiripdir.Köneürgençde dünýä ýaň salan zehinli alymlar we döredijiler ýaşapdyr.Olardan meşhur matematik we astronom Muhammed Ibn Musaal-Horezmi (783-850), zehinli lukman Abu Ali Ibn Sina (980-1037), belli alym, ensiklopedist Abu Reýhan Al-Biruny (973-1048), görnükli alym Abul-Kasym Jarallah Mahmud ibn Omar al-Zamahşari (1075-1144) dagylar Horezmiň genji-hazynasy hasaplanypdyr.
Mundan başga-da, beýik taryhçy alym Abu Said as-Samani (1113-1167), XII asyrda Horezmiň paýtagtynda işlän görnükli lukman Zeýneddin Abu-Ibrahim al Gürgenli ýaly tanymal alymlar öz döwrüniň bilimdar adamlary bolupdyr.
XIII asyrda asman jisimlerini öwrenen belli alym, astronom Alişah ibn Muhammed ibn Kasym al Horezmi (1226-1300), şeýle hem belli geograf Muhammed ibn Nadjib Bekrana Köneürgençde işläpdirler.Köneürgenç döwlet taryhy-medeni goraghanasyna degişli XII-XV asyrlaryň arhitektura ýadygärlikleri Bütindünýä medeni ýadygärlikleriň sanawynda görnükli orun eýeleýär.
Olardan Törebeg hanymyň aramgähi, Gutlug Timuryň (1321-1335) adyny göterýän minara (beýikligi 64 metre deň) bar.Onuň gümmeziniň binagärlik-gurluşyk işleriniň aýratynlygy ýüzlerçe ýyl öňde bolup, dünýäde gümmeziň deňi-taýy bolmandyr.
Häzirki wagtda Nejmeddin Kubranyň aramgähi we onuň töweregindäki beýleki ýadygärlikler köp döwletleriň suýahatçylaryny özüne çekýär.
Gurbannepes Täçmedow,
TDP-niň Köneürgenç etrap komitetiniň bölüm müdiri.